Dün­ýä­de, esa­san hem, iri şä­her­ler­de döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar­dyr yşyk­lan­dy­ryş ul­gam­la­ry ar­ka­ly üp­jün edi­len, bi­ri-bi­rin­den ta­pa­wut­lan­ýan bir­nä­çe bi­na­lar bar. Her ýyl bu ugur­da ýö­ri­te bäs­le­şik­ler ge­çi­ril­ýär. Ta­ry­hy bi­na­lar ha­sa­ba alyn­ýar we go­ral­ýar, şol san­da ola­ryň kö­pü­si mu­ze­ýe hem öw­rül­ýär. Aja­ýyp­lyk­da, tä­sin­lik­de, owa­dan­lyk­da di­ňe bir iri şä­her­le­riň des­ga­la­ry saý­lan­man, eý­sem ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri bi­len ta­nal­ýan, ja­han­keş­dele­riň hem ün­sü­ni özü­ne çek­ýän, ge­lim-gi­dim­li ýer­le­riň bi­ri­ne öw­rü­len oba­lar hem bar. Şeý­le oba­lar öň­ki dö­wür­ler­de gur­lan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, tä­sin şe­kil­li­li­gi, ta­ry­hy­ly­gy bi­len haý­ran gal­dyr­ýar. Bu ma­ka­la­myz­da şeý­le aja­ýyp oba­la­ryň bi­ri bo­lan «Par­la­ýan ýyl­dyz» oba­sy ba­ra­da ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ry dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.
B­ur­tan­ge at­ly oba Ni­der­land­la­ryň Wes­ter­wold şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da ýer­le­şip, onuň 430 ila­ty bar. Bu tä­sin oba 1593-nji ýyl­da es­ger­le­riň ýa­şa­ma­gy üçin esas­lan­dy­ry­lyp­dyr we ol ýer­de adam­lar iki asyr­dan gow­rak wagt ýa­şap­dyr­lar. Soň­ra bol­sa, bu ýe­riň ila­ty dür­li se­bäp­le­re gö­rä, gö­çüp gi­dip­dir. Ga­la 1967-1992-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da kem-kem­den di­kel­di­lip­dir. Bu oba açyk as­ma­nyň as­tyn­da­ky mu­zeý diý­lip at­landy­ryl­ýar. Ni­der­land­ça­da «Tan­ge» alaň diý­me­gi aň­lad­ýar. Adyn­dan hem bel­li bol­şy ýa­ly, oba Bur­tan­ger Mur bat­ga­ly­gyn­da­ky gum de­pe­le­ri bi­len bag­lan­yşyk­ly­dyr. Onuň meý­da­ny 0,21 km² bo­lup, 133 ýa­şa­ýyş ja­ýy bar­dyr. Ni­der­land­lar bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň ser­he­din­de ýer­leş­ýän bu oba ýyl­dyz şe­kil­li­di­gi bi­len ün­si özü­ne çek­ýär. Ýur­duň esa­sy sy­ýa­hat­çy­lyk no­kat­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Bur­tan­ge oba­sy äpet ýyl­dyz şe­kil­li di­war­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ir­ki dö­wür­ler­de bu ýe­ri söw­da ýol­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da ýer­le­şip­dir. Şol se­bäp­li bu ýer­de ba­sy­ba­ly­jy­lar­dan go­ran­mak üçin berk di­war­lar we onuň da­şyn­da giz­lin ga­rym ul­ga­my dö­re­di­lip­dir. Bu ki­çi oba­da mer­ke­zi ba­zar meý­dan­ça­sy­nyň tö­we­re­gin­de köp san­ly dü­kan­lar, ka­fe­ler we res­to­ran­lar bar. To­mus möw­sü­min­de ýer­li ýa­şaý­jy­lar er­tir­lik, gü­nor­tan­lyk ýa-da ag­şam­lyk na­har üçin oba­nyň meş­hur eý­wa­nyn­da ýyg­nan­ýar­lar. Her ýyl müň­ler­çe ja­han­keş­de Bur­tan­ge­niň tä­sin kö­çe­le­rin­de gez­mek ýa-da ga­la­nyň ta­ryhy ýer­le­ri­ne sy­ýa­hat et­mek üçin bu ýe­re gel­ýär. Oba­da ta­ry­hy wa­ka­la­ra ba­gyş­la­nan çä­re­ler ge­çi­ril­ýär, bu ýer­de meý­le­tin­çi­ler ir­ki döw­rüň eşik­le­ri­ni geý­ýär­ler we bu ýyl­dyz­ly oba­nyň geç­mi­şin­den sah­na­la­ry jan­lan­dyr­ýar­lar. Ki­çi­di­gi­ne ga­ra­maz­dan oba­da bir­nä­çe myh­man­ha­na hem bar. Mun­dan baş­ga-da, bu ýe­re gel­ýän ja­han­keş­de­le­re giň ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­na, şol san­da dur­ky tä­ze­le­nen fer­ma­dyr beý­le­ki des­ga­la­ra sy­ýa­hat et­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Şol des­ga­lar hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len üp­jün edi­lip, di­zaý­ni hem beý­le­ki­ler­den ta­pa­wut­lan­ýar.