74 ýol­baş­çy Tram­py gut­la­dy
ABŞ-nyň saý­la­nan Pre­zi­den­ti Do­nald Tram­py hem-de wi­se-pre­zi­dent Maýk Pen­si saý­law­da ga­za­nan üs­tün­li­gi bi­len 74 döw­le­tiň ýol­baş­çy­sy gut­la­dy. Bu ba­ra­da Do­nald Tram­pyň to­pa­ry­nyň we­ki­li Şon Spaý­ser ha­bar ber­di.
– Da­şa­ry ýurt­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry saý­la­nan Pre­zi­dent Do­nald Tram­py ynam­ly ýeň­şi bi­len gut­la­dy – di­ýip, ol bel­läp geç­di.
Şu ýy­lyň 8-nji no­ýab­ryn­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­la­wyn­da ýe­ňiş ga­za­nan ABŞ-nyň saý­la­nan Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp tä­ze hö­kü­me­ti düz­mek işi­ne gi­riş­di. Ýur­duň 45-nji döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň res­mi taý­dan we­zi­pä gi­riş­mek da­ba­ra­sy­na 1 aý çe­me­si wagt gal­dy. Ol 2017-nji ýy­lyň 20-nji ýan­wa­ryn­da res­mi taý­dan ýur­duň Pre­zi­den­ti bo­lar. Do­nald Tramp hä­zir­ki wagt­da ýur­duň hö­kü­me­ti­niň ag­za­la­ry­ny kes­git­le­mek üçin da­laş­gär­le­ri hö­dür­le­ýär. Hö­kü­met ag­za­la­ry 20-nji ýan­war gü­ni ABŞ-nyň Se­na­ty ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­ny­lar.

Saý­la­nan wi­se-pre­zi­dent Maýk Pens bi­len bir ha­tar­da, mi­nistr­lik­le­riň ýol­baş­çy­la­ry üçin hem da­laş­gär­ler hö­dür­le­nip baş­lan­dy.
Saý­la­nan Pre­zi­dent saý­law­dan 10 gün ge­çen­den soň­ra ýur­duň ada­lat mi­nist­ri we­zi­pe­si­ne (şol birwagt­da baş pro­ku­ror) Ala­ba­ma şta­ty­nyň se­na­to­ry Jeff Seşn­si­ni, ge­ne­ral Maýkl Flin­ni bol­sa, mil­li howp­suz­lyk mas­la­hat­çy­sy we­zi­pe­si­ne hö­dür­le­di. Pre­zi­den­tiň howp­suz­lyk me­se­le­le­ri bo­ýun­ça mas­la­hat­çy­sy­ny ýur­duň Se­na­ty­nyň tas­syk­la­ma­gy­na ze­rur­lyk ýok.
Do­nald Tramp Jeýms Mat­ti­si ýur­duň go­ran­mak mi­nist­ri, ýag­ny ABŞ-nyň meş­hur Pen­ta­gon eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy we­zi­pe­si­ne hö­dür­le­di. Wa­şing­ton­da dog­lan Met­tis 1969-njy ýyl­da ABŞ-nyň de­ňiz har­by güýç­le­ri­niň dü­zü­min­de gul­lu­ga baş­la­dy.
Ma­li­ýe hem-de söw­da mi­nistr­le­ri­niň we­zi­pe­le­ri­ne Sti­wen Mnu­çin we Uil­bur Ros­si ýol­baş­çy­lyk eder. “Gold­man Sachs” ban­kyn­da iş­län Sti­wen Mnu­çin Tram­pyň saý­law kam­pa­ni­ýa­sy döw­rün­de ban­kyň ma­li­ýe di­rek­to­ry bo­lup zäh­met çek­di. Ol ýur­duň “Du­ne Capi­tal Ma­na­ge­ment”, “One­West Bank Group”, “Rat­PacDu­ne En­ter­ta­in­ment” ýa­ly kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy­dyr.
Işe­wür we ma­ýa­dar Uil­bur Ros­si saý­la­nan Pre­zi­den­tiň yk­dy­sa­dy me­se­le­ler bo­ýun­ça mas­la­hat­çy­sy ha­sap­lan­ýar.
Donald Tram­pyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky hö­kü­me­tiň dü­zü­min­dä­ki il­kin­ji ze­nan ýol­baş­çy, bi­lim mi­nist­ri we­zi­pe­si üçin hö­dür­len­di. Bi­lim ul­ga­myn­da köp iş­le­ri bi­ti­ren Bet­si De­Bos bu we­zi­pe­de iş­le­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Ýur­duň ulag mi­nist­rligine Eleýn Çao bel­le­ner. Ol 2001—2009-njy ýyl­lar­da zäh­met mi­nist­ri, 1989—1991-nji ýyl­lar­da ulag mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry we­zi­pe­le­rin­de iş­le­di. Ýur­duň saý­la­nan Pre­zi­den­ti ony tej­ri­be­li ýol­baş­çy hök­mün­de ka­bul ed­ýär.
Kong­re­siň we­kil­ler pa­la­ta­sy­nyň ag­za­sy Tom Praýs sag­ly­gy go­ra­ýyş we dur­muş üp­jün­çi­li­gi mi­nist­ri we­zi­pe­si­ne hö­dür­len­di. Donald Tramp onuň bi­len sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da giň ge­rim­li öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­ma­gy mak­sat edin­ýär. Kong­res­men Praýs bi­li­mi bo­ýun­ça luk­man. Ol bel­li te­ra­pewt bo­lup, köp zäh­met çek­di.
Ozal ABŞ-nyň Pre­zi­den­tligine da­laş­gär Ben Kar­so­ny ýa­şa­ýyş jaý we şä­her gur­lu­şy­gy mi­nist­ri we­zi­pe­si­ne bel­le­mek­çi. Kar­son hü­nä­ri bo­ýun­ça heý­ro­hi­rurg. Ol ABŞ-nyň Pre­zi­den­tligi­ne da­laş et­di. Ýö­ne üs­tün­lik ga­za­nyp bil­män­soň, Do­nald Tram­pa gol­daw ber­di.
Gü­nor­ta Ka­ro­li­na şta­ty­nyň gu­ber­na­to­ry Nik­ki Heý­li ABŞ-nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ýa­nyn­da­ky he­mi­şe­lik we­ki­li we­zi­pe­si­ne bel­le­ner. Heý­li bu tek­li­bi uly hö­wes bi­len ka­bul et­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Ol Hin­dis­tan­dan gö­çüp ge­len emig­rant maş­ga­la­syn­da dün­ýä in­ýär. Te­le­ke­çi­lik bi­len meş­gul­lan­ýar. Gü­nor­ta Ka­ro­li­na şta­tyn­da ha­ýyr-sa­ha­wat­çy­lyk bi­len meş­gul­lan­ýan gu­ra­ma­la­ryň hem-de beý­le­ki jem­gy­ýet­çi­lik eda­ra­la­ry­nyň iş­le­ri­ne iş­jeň gat­naş­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ol ABŞ-nyň iň ýaş gu­ber­na­tor­la­ry­nyň bi­ri­dir. 44 ýa­şyn­da­ky Heý­li 2011-nji ýyl­dan bä­ri Gü­nor­ta Ka­ro­li­na şta­ty­nyň gu­ber­na­to­ry we bu we­zi­pä saý­la­nan il­kin­ji ze­nan­dyr.
Ýur­duň da­şa­ry iş­le­ri mi­nist­ri, ýag­ny döw­let sek­re­ta­ry we­zi­pe­si üçin bir­nä­çe da­laş­gär gör­ke­zil­di. Ola­ryň ara­syn­da Nýu-Ýor­kuň öň­ki me­ri Ru­di Ju­lia­ni, se­na­tor Bob Kor­ker, Mer­ke­zi aň­taw eda­ra­sy­nyň ozal­ky ýol­baş­çy­sy De­wid Pet­re­us, Mitt Rom­ni we “Exxon­Mo­bil” ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Reks Til­ler­son bar.
2006-njy ýyl­dan bä­ri ýur­duň iň iri ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy 64 ýaş­ly Reks Til­ler­so­nyň esa­sy da­laş­gär bo­lup bil­jek­di­gi aý­dyl­ýar. Do­nald Tramp onuň bi­len bir­nä­çe ge­zek du­şuş­dy we ony bu wezipä mynasyp gördi.
Şeý­le hem Te­has şta­ty­nyň ozal­ky gu­ber­na­to­ry Rik Per­ri ener­ge­ti­ka mi­nist­ri we­zi­pe­si­ne my­na­syp gö­rül­di. Jeýms Ri­çard (Rik) Per­ri Te­ha­syň Res­pub­li­kan­lar par­ti­ýa­syn­dan 47-nji gu­ber­na­tor­dyr. Ol hem 2012-nji hem-de 2016-njy ýyl­lar­da döw­let Baş­tu­tan­ly­gyna da­laş eden bel­li ame­ri­ka­ly sy­ýa­sat­çy­la­ryň bi­ri­dir.
Umu­man, hä­zir­ki wagt­da ABŞ-nyň hem-de dün­ýä­niň köp san­ly iri köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de ýur­duň tä­ze hö­kü­me­ti­niň ag­za­la­ry ba­ra­da yzy­gi­der­li ma­ka­la­lar çap edil­ýär.