13-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe atçylygyň nesil dowamynyň ösdürilmegine hem-de halkara derejedäki ugurdaş pudaga goşulyşmagyna, degişli düzümiň kemala getirilmegine aýratyn üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiz 2-nji oktýabrda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze athananyň taslamalary we binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy, olara birnäçe belliklerini aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ozal gurlan we bu gün netijeli iş alyp barýan şeýle toplumlar ýaly, täze athananyň hem häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 8-nji oktýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, bu desgany gurmak we ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasyna ynanyldy. «Türkmen atlary» döwlet birleşigi ony buýrujy bolup çykyş edýär. Taslama laýyklykda, athanany gurmaga 15,4 gektar meýdan bölünip berildi. Giň çäklerde desgalaryň birnäçesi, şol sanda dolandyryş binasy ýerleşdiriler. Täze toplumyň wezipesi atçylygy mundan beýläk-de ösdürmekden, arassa ganly bedewleriň sanyny artdyrmakdan, tohum häsiýetlerini gowulandyrmakdan ybaratdyr.
Bedewleriň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin hemme zerur enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen weterinar desgasy gurlar. Onda dürli bejeriş bölümleri, şol sanda atlary gözden geçirmäge niýetlenen bölümler ýerleşdiriler. Topluma her biri höwür atlaryň 60-sy üçin niýetlenen athanalaryň 2-si, atlaryň 80-sine niýetlenen athanalaryň 6-sy, 8 sany bassyrma hem-de birnäçe kömekçi desgalar girer. Athanalarda oňaýly howa ýagdaýy we adaty howa çalşygy saklanar, bedewleri köpeltmek, gezdirmek, türgenleşdirmek hem-de çapyşyklara taýýarlamak, çapyksuwarlaryň we seýisleriň netijeli işlemegi üçin hemme şertler dörediler.
Athanada saklanyljak bedewleri iým bilen üpjün etmek maksady bilen, üsti ýapyk ammaryň we iki açyk ammaryň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Taslama laýyklykda, toplumyň durmuş üpjünçiligi inženerçilik-tehniki düzümleri özünde jemleýär. Mundan başga-da, iş tehnikalary we ulag serişdeleri üçin awtoduralgalaryň ikisini, birnäçe tehniki binalary gurmak meýilleşdirilýär. Toplumyň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyrylar we bagy-bossanlyga büreler.
Arassa dag howasy hem-de mähriban topragymyzyň bu künjeginiň tebigy-howa aýratynlyklary giň ýaýla atlaryny we taýlary saklamaga oňaýly gurşawy döredýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, behişdi atlara ideg etmek, olary türgenleşdirmek, sport taýýarlygy boýunça işler gadymy milli däplerimiziň esasynda hem-de häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribeleri göz öňünde tutulyp alnyp barylmalydyr. Bu bolsa ýyndamlygy we gaýtalanmajak gözelligi bilen meşhur bolan behişdi bedewleriň dünýädäki şöhratyny mundan beýläk-de artdyrmaga ýardam berer.
Türkmenistanda atşynaslygy dünýä derejesine çykarmaga, bu ugurda hünärmenleriň häzirki zaman nesillerini kemala getirmäge, atçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, iň täze hem-de dünýä ölçeglerine kybap gelýän enjamlar bilen üpjün edilen täze atçylyk toplumlaryny gurmaga gönükdirilen çäreler bu ugurda alnyp barylýan işleriň giň gerimlidigine şaýatlyk edýär.
Döwrebap athananyň düýbüni tutmak dabarasy uly baýramçylyga öwrüldi. Dabara welaýat we etrap häkimlikleriniň, obasenagat toplumynyň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýurdumyzyň atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary, ahalteke bedewlerine sarpa goýýan köp sanly adamlar, ýaşlar gatnaşdylar.
Täze gurluşygyň düýbüniň tutuljak meýdançasynda medeniýet we sungat ussatlarynyň ajaýyp çykyşlary guraldy. Artistler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzy, täze taryhy eýýamyň ägirt uly işlerini hem-de belent döredijilik ruhuny joşgunly wasp etdiler.
Dabarada çykyş edenler soňky ýyllarda ýurdumyzda atçylyk sportunyň işjeň ösdürilýändigini, milli atşynaslygyň dünýädäki abraýyny hem-de behişdi bedewlerimiziň şöhratyny has-da artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini nygtadylar. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine bedew bady bilen barýandygyny buýsançly belläp, arassa ganly ahalteke bedewlerini gorap saklamak we baş sanyny köpeltmek, ady rowaýata öwrülen tohum atlaryň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmak baradaky aladalary üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdiler.