Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary 23-nji iýuldan 4-nji awgust aralygynda geçirilen Malaýziýanyň Tenaga milli uniwersitetiniň (UNITEN) “Uniten Energy Adventure – Summer Camp” atly tomusky gysga möhletleýin okuwyna gatnaşdylar.
Tomusky okuw Malaýziýanyň Tenaga milli uniwersitetiniň (UNITEN) we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet Energetika institutynyň arasynda gol çekilen Talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy boýunça Ylalaşygyň çäklerinde guraldy. Tomusky okuwa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplaryndan başga-da ýokarda agzalýan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdy.
Geçirilen okuwlarda talyplar UNITEN-iň esasy ylmy barlaghanalary bilen içgin tanyşdylar. Olar Robototehnika, PERL, Gün energiýasy we Bioenergiýa barlaghanalaryna baryp, şol ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Şeýle-de olar “Gaýtadan dikeldilýän energiýa” we “Energetikada maglumatlaryň derňewi” ýaly ugurlarda ýörite işçi duşuşygyna gatnaşyp, UNITEN-iň tejribeli hünärmenleri bilen pikir alyşdylar.
Okuwlar UNITEN-iň Kämilleşdirilen okuw merkezinde (IRC) tejribeli professor-mugallymlaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda guramaçylykly alnyp baryldy.
Talyplar Malaýziýanyň baý medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşdylar. Gezelenjiň çäginde Saloma köprüsi, Soltan Abdul Samad binasy ýaly taryhy hem-de medeni taýdan möhüm ýerlere baryp gördüler.
Bu halkara ylmy-medeni maksatnama, talyplaryň öz okaýan ugurlaryndan bilimini artdyrmaga hem-de Malaýziýanyň medeniýetini, taryhyny we ösen bilim ulgamyny ýakyndan öwrenmekleri üçin ajaýyp platforma boldy. Tertipnamada bellenilen ähli çäreler UNITEN-iň ýolbaşçy düzüminiň, mugallymlarynyň we meýletinçi talyplarynyň ýokary tagallasy netijesinde doly we kämil derejede amala aşyryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň ösdürilmegi ugrunda edilýän işler, milletiň aýdyň geljegini, döwletiň sarsmaz binýadyny we halkyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň ygtybarly kepilidir. Talyplarymyza, mugallymlarymyza we ylmy işgärlerimize şeýle ajaýyp şertleri döredip berýän, olaryň hemmetaraplaýyn kämilleşmegi üçin alada edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlar aýdýarys. Goý, olaryň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç alsyn!
Amanmyrat ARAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ylym bölüminiň başlygy.
PDF








