Dünýäde iň köp kitap okaýan milletleriň sanawy mälim edildi. Angliýanyň «Global English Editing» kompaniýasynyň taýýarlan sanawynda ilkinji onluga giren 10 ýurduň 6-sy Aziýada, 4-isi Ýewropada ýerleşýär. Sanawyň birinji basgançagyndaky hindiler hepdede 10 sagat 42 minut kitap okaýan eken. Taýlandda hepdelik ortaça 9 sagat 24 minut kitap okalýandygy anyklandy. Hytaýda bu görkezijiniň 8 sagatdygy mälim edildi. Okamaga sarp edilen wagt kesgitlenende çap edilen kitaplar bilen bir hatarda, gazet, žurnal we onlaýn okalýan makalalar hem hasaba alnypdyr. Ilkinji onluga Filippinler (7 sagat 36 minut), Müsür (7 sagat 30 minut), Çeh Respublikasy (7 sagat 24 minut), Şwesiýa (7 sagat 6 minut), Fransiýa (6 sagat 54 minut), Wengriýa (6 sagat 48 minut) we Saud Arabystany (6 sagat 48 minut) giripdir.
Şamyrat Begenjow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.