Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp guralan «Garaşsyzlyk — ganatym, Watanym — seždegähim» atly teatr bäsleşigi ýokary derejede jemlenildi we ýurdumyzyň medeni durmuşynda uly baýrama öwrüldi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan bilelikde guralan bu döredijilik bäsleşigi 2026-njy ýylyň 26-njy awgustyndan 8-nji sentýabry aralygynda geçirilip, onda ýurdumyzyň teatrlary özleriniň iň gowy sahna oýunlaryny görkezidiler.
Eminler topary bäsleşigiň baş baýragyna Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň režissýory Handurdy Berdiýewiň «Halk hakydasy» atly sahna oýny mynasyp gördi. Şeýle hem I orny Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň režissýory Serdar Ataýewiň «Agzybirlik rowaýaty», II orny Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň režissýory Eziz Işangulyýewiň «Howandar», III orunlary bolsa Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň režissýory Ata Gullarowyň «Türkmen soltany» we A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň režissýory Baýram Garajaýewiň «Eşit meni!» sahna oýunlary eýelediler.
Bäsleşikde dürli hünär ugurlaryndan hem ýörite baýraklar gowşurylyp, hususan-da, Myrat Aradow («Iň gowy saz bezegi üçin»), Batyr Gurbanow («Ýaş režissýoryň iň gowy işi üçin»), Döwran Joraýew («Režissýoryň täze gözlegleri üçin»), Orazmeňli Igdirow («Sahnada milli däp-dessurlary wagyz edýändigi üçin»), Şemşat Kasymowa («Zenan keşbini iň gowy ýerine ýetirendigi üçin»), Gadam Kakabaýew hem-de Abdylazym Rejebow («Iň gowy sahna eseri üçin»), Merdan Akmämmedow («Suratkeşiň iň gowy işi üçin»), Oguljan Bekiýewa («Kiçi göwrümli keşbi iň gowy ýerine ýetirendigi üçin») we Begli Dowlyýew («Iň ýaş zehin üçin») ýaly zehinli işgärler tapawutlandylar. Mundan başga-da, Kakamyrat Bazarow, Baýramtäç Hojamämmedowa, Mariýa Durdyýewa, Zyýada Kakalyýewa, Anna Meläýew, Nurýagdy Döwletow we Gerçek Orazmuhammedow ýaly birnäçe artistler hem Medeniýet ministrliginiň Hormat hatlaryna we Ýaşlar guramasynyň sowgatlaryna mynasyp boldular.
Geçirilen bu sungat bäsleşigi sahna oýunlary arkaly Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ösüşleri, milli däp-dessurlary, watansöýüjilik we ynsanperwerlik häsiýetlerini açyp görkezmekde, şeýle hem ýaş nesli terbiýelemekde we tomaşaçylaryň ruhy isleglerini kanagatlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Teatr toparlary milli medeniýeti ösdürmäge döredilýän ähli şertler üçin Arkadagly Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.
PDF








