“Bloomberg” agentliginiň maglumatlaryna görä, dünýäniň iň gurply adamlarynyň reýtinginde taryhy waka bellige alnyp, 2012-nji ýylda sanaw düzülip başlanandan bäri ilkinji gezek ilkinji on orny dolulygyna ABŞ-nyň raýatlary eýeledi.
Bu ýagdaý fransiýaly işewür, LVMH kompaniýalar toparynyň eýesi Bernar Arnonyň baýlygynyň 143 milliard dollara çenli azalmagy netijesinde ýüze çykyp, ol reýtingiň 11-nji ornuna düşdi.
Häzirki wagtda sanawyň başyny 919 milliard dollar baýlygy bolan Ilon Mask çekýär, ikinji orny 286 milliard dollar bilen “Google” kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Larri Peýj eýeleýär, üçünji orunda bolsa 274 milliard dollar baýlyk bilen “Amazon” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos ýerleşýär.
Şeýle hem ilkinji onluga “Google”-yň beýleki esaslandyryjysy Sergeý Brin (266 milliard dollar), “Dell”-iň esaslandyryjysy Maýkl Dell (245 milliard dollar), “Meta” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg (229 milliard dollar), “Oracle”-nyň esaslandyryjylarynyň biri Larri Ellison (208 milliard dollar), “Nvidia”-nyň baş direktory Jensen Huang (181 milliard dollar), “Microsoft”-yň öňki ýolbaşçysy Stiw Balmer (172 milliard dollar) hem-de meşhur maýadar Worren Baffett (144 milliard dollar) girdiler.
PDF








