Her ýyl­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­lar­da ýaş­la­ryň müň­ler­çesine ot­ly pe­te­gi tö­leg­siz be­ril­ýär. Ýew­ro­pa­nyň çä­gin­de ula­nyp bol­jak bu pe­tek­ler «Ýew­ro­pa­ny Aç» (EU­Discovery) mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de be­ril­ýär. 18-20 ýaş ara­ly­gyn­da­ky ýaş­la­ra be­ril­ýän bu pe­tek bir aý­lap ag­za ýurt­la­ra de­mir ýol ar­ka­ly ge­ze­lenç et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mun­dan ozal 18 ýa­şyn­da­ky­la­ra hö­dür­len­ýän bu hyz­mat il­kin­ji ge­zek 18-20 ýaş ara­ly­gyn­da­ky­la­ra el­ýe­ter­li edil­di. Mu­nuň se­bä­bi bol­sa, ko­ro­na­wi­rus se­bäp­li iki ýyl­lap tas­la­ma­nyň tog­ta­dyl­ma­gy bi­len bag­ly­dyr. Ýüz tu­tan­la­ryň 60 mü­ňü­si 2022-nji ýy­lyň 1-nji mar­tyn­dan 2023-nji ýy­lyň 28-nji few­ra­ly­na çen­li Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­ny aý­la­nyp bi­ler­ler. Utuş ga­za­nan ýaş­lar ot­ly gat­na­wy­nyň müm­kin bol­ma­dyk ýe­rin­de gä­mi­li we aw­to­bus­ly gat­naw­dan hem peý­da­la­nyp bi­ler­ler. Bu baş­lan­gyç bi­len Ýew­ro­pa­nyň gö­zel ýer­le­ri­ni ta­nyş­dyr­mak hem-de jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry­na hö­we­si art­dyr­mak mak­sat edi­nil­ýär. Bu hyz­mat­dan peý­da­lan­mak üçin 350 müň tö­we­re­gi adam ýüz tut­ýar.

Gel­di­my­rat My­ra­dow,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.