«Toyota» kompaniýasy wodorod ýangyçly «Mirai» ulagy bilen iň uzak aralyga ýol geçip, rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy. Ilkinji nusgasy 2014-nji ýylda tanyşdyrylan «Mirai» awtoulagynyň häzirki wagtda ikinji nesli müşderilere ýetirilýär. Bu ulag arassa energiýa çeşmesi hasaplanýan wodorod ýangyjy bilen işleýär. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň wekili Maýkl Emprik ulaga ýangyç guýlandan soňra ony möhür bilen ýapdy. Ussat sürüjiler Waýn Gerdes hem-de Robert Winger ulagy bellenen aralykda sürüp başladylar. Ulag bilen birinji gün 760 km, ikinji gün 600 km ýol geçildi. Ýola düşen ýerine aýlanyp gelen «Mirai» jemi 1360 km ýol geçdi. Iki günüň dowamynda ulag 5,65 kg wodorod sarp edipdir. Syýahatynyň dowamynda ulag 12 sany wodorod ýangyjyny guýýan bekede sowulman geçipdir. Şeýle aralyk adaty ulag bilen ýol hereketiniň köp wagty amala aşyrylanda, 300 kg kömürturşy gazy çykarylardy. «Mirai» hereket eden wagty hiç hili zyýanly gaz çykarmady. Ulagyň ýöreýän ugry GPS arkaly uzakdan gözegçilikde saklandy.
Synagyň awgustyň ahyrynda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky «Toyota tehniki merkezinde» geçirilendigi mälim edildi. Mundan ozal şeýle synag Fransiýada hem geçirilipdi. Iýunda geçirilen synagda «Mirai» 1003 kilometr ýol geçipdi.
Jeren Hojamyradowa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.