Katar 2022 Dünýä Kubogynyň Günorta Amerika saýlama tapgyrynda oktýabr aýyndaky 3-nji duşuşyklar hem şu gün irden oýnaldy. 12-nji oýunlaryň merkezi duşuşygynda Braziliýa öz meýdançasynda Urugwaýy kabul etdi. Ýer eýeleriniň agdyklyk etmeginde geçen oýunda sambaçylar 4-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Brazillere ýeňiş getiren gollary 10-njy minutda Neýmar, 18-nji we 58-nji minutlarda Belloli (Rafinýa) hem-de 83-nji minutda Garbriel Barbosa geçirdi. Duşuşykda 1 gezek tapawutlanyp, 2 goluň pasyny beren Neýmar milli topardaky 115-nji duşuşygynda 70-nji goluny geçirdi. Neýmar duşuşyk geçirmekde 4-nji, gol geçirmekde bolsa Peleden soň 2-nji ýerde barýar. Urugwaýyň ýeke-täk pökgüsini 77-nji minutda Luis Suares öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, ýeňlişsiz barýan Braziliýanyň ýygyndysy 22-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşmaga juda golaýlady. Olar noýabr aýynda geçiriljek duşuşyklarda bir ýeňiş gazansa-da 22-nji gezek geçiriljek Dünýä Kubogyna ýollanma alarlar.

Toparçda 2-nji ýerde barýan Argentinanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Peruny Lautara Martinesiň ýeke-täk goly bilen 1-0 ýeňdi. Şeýle-de Çili Wenesuelany 3-0, Boliwiýa bolsa Paragwaýy 4-0 utdy. Kolumbiýa bilen Ekwadoryň arasyndaky oýun golsuz tamamlandy.