BMG-niň biologik dürlülik baradaky konwensiýasyna (COP15) gatnaşyjylaryň konferensiýasynyň 15-nji maslahaty Hytaýyň günorta-günbataryndaky Ýunnan welaýatynyň paýtagty Kunmin şäherinde geçirildi. Çäräniň esasy temasy ekologiki siwilizasiýa we Ýerdäki ýaşaýyş üçin umumy geljegi döretmekden ybaratdygy mälim edildi.

Maslahatyň birinji tapgyry 11-15-nji oktýabr aralygynda awtonom we onlaýn görnüşde guraldy. Çärä gatnaşyjylar 2020-nji ýyldan soňky global biodürlüligiň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde 14-15-nji oktýabr aralygynda geçirilen ikinji tapgyrynda – Daşky gurşaw siwilizasiýasy forumyna 1800-den gowrak hünärmen gatnaşdy. Forum howanyň üýtgemegine garşy göreş we biodürlüligi gorap saklamak ýaly birnäçe mowzugy öz içine aldy.

-Global ekologiýa gurşawynyň öňünde durýan çynlakaý meselelere gönükdirilen bu çärä gatnaşyjylar ekologiýa siwilizasiýasy düşünjesine eýerip, global daşky gurşawy dolandyrmak ulgamynda gymmatly tejribe alyşarlar – diýip Hytaý Halk Respublikasynyň ekologiýa we daşky gurşaw ministri Huan Žunsýu forumyň açylyş dabarasynda aýtdy.

-Ýer adamzadyň umumy we ýeke-täk mekanydyr. Forumda, birleşip, Ýerdäki ýaşaýyş, ajaýyp we sazlaşykly dünýä üçin umumy geljegi döretmek üçin bilelikde tagalla ederis – diýip, ol belledi.

Forumda Hytaý ösüp barýan ýurtlara biodürlüligi gorap saklamaga goldaw bermek maksady bilen Kunming biodürlüligi goramak gaznasyny döretmek üçin 1,5 milliard ýuany (takmynan 233 million dollar) bölüp berjekdigini mälim etdi. Hytaý 2060-njy ýyla çenli uglerod bitaraplygyny gazanmagy maksat edinýär. Şeýle-de forumyň çäklerinde ekologik siwilizasiýany durmuşa geçirmek we biodürlüligi gorap saklamak ýaly mowzuklara bagyşlanan 7 sany kiçi forum guraldy.

Hytaý, 1993-nji ýylda güýje giren ýokarda agzalan konwensiýa gol çeken we tassyklan ilkinji ýurtlaryň biridir. Häzirki wagtda onuň 196 agzasy bar. Konwensiýa laýyklykda, bu maslahat karar bermek boýunça iň ýokary derejeli mehanizmidir.