“Toyota Motor” kompaniýasy ýarymgeçiriji ýetmezçiligi hem-de “Covid-19” ýokanjy sebäpli ýüze çykan üpjünçilik zynjyrynda ýüze çykan bökdençlikler sebäpli geljek aý global önümçiligini 15 göterim peselder. Bütin dünýäde smartfon, planşet, 5G tor enjamlary we oýun konsollary ýaly enjamlara bolan islegiň artmagy çip önümçiliginde üpjünçilik meselesini ýüze çykardy.
Ýapon brendi mundan ozal noýabr aýynda bir million awtoulag öndürjekdigini mälim edipdi. Indi bolsa bu görkeziji 850 müň bolar. Kompaniýanyň Ýaponiýadaky zawodlaryndaky önümçilik 50 müň sany azaldylar. Geçen ýylyň noýabrynda kompaniýanyň dünýäniň dürli ýerlerindäki zawodlarynda jemi 830 müň ulag öndürilipdi.