Birküç ýyldan bäri adamly kosmos missiýalaryny durmuşa geçirýän Hytaý üç kosmonawty (hytaýça taýkonot) uçurdy. Mundan ozal hytaýly kosmonawtlar wagtal-wagtal gysga möhletlik kosmos stansiýasynda bolupdylar. Bu gezek iberilen kosmonawtlar alty aýlap Hytaýyň kosmos stansiýasynda bolarlar. “Shenzhou-13” kosmos gämisiniň bortunda 41 ýaşly zenan Wang Ýaping hem bar. Öten agşam ýerli wagt bilen “Long March-2F” göteriji raketasy arkaly uçurylan gämi “Tianhe” kosmos stansiýasyna birikdi. Kosmonawtlaryň arasynda 55 ýaşly Žai Žiang Ýe Guangfu hem bar. Guangfu ilkinji gezek kosmosa çykdy. Žai mundan ozal 2008-nji ýylda “Shenzhou 7” missiýasynyň çäklerinde kosmosda açyk asmana çykan ilkinji kosmonawt hökmünde adyny ýazdyrypdy. Zenan kosmonawt Wang toparyň ikinji derejeli agzasy hasaplanýar.
Häzirki wagtda dürli ýurtlaryň bilelikde ýöredýän Halkara kosmos stansiýasyna Hytaý gatnaşmaýar. Şol sebäpli ýurt aýratyn kosmos stansiýasyny gurdy. Bu stansiýa 2022-nji ýyla çenli doly gurlup gutarylar. Hytaýyň stansiýasy esasy moduldan, iki sany laboratoriýadan we kosmos teleskobyndan ybarat. Aslynda kosmos teleskoby asman giňişliginde aýratynlykda hereket edýär. Emma zarýad almak üçin stansiýa biriger. Bu babatda hytaý kosmos stansiýasy beýleki kosmos stansiýalaryndan tapawutlanýar. Stansiýanyň doly gurlup gutarylmagy üçin ýene-de 4 adamly, 4 ýük gatnawy amala aşyrylmaly bolar.