Şweýsariýaly alymlar kosmos giňişliginiň ilkinji jikme-jik 3D kartasyny döretdiler we mundan beýläk kosmosa wirtual syýahaty amala aşyrmak hemmeler üçin elýeterli bolar. Lozannanyň politehniki mekdebiniň barlag geçirijileri kosmos giňişligini panoramik şekillendirmek maksady bilen açyk kodly programmanyň beta görnüşini taýýarladylar.
-Biz sanly maglumatlaryň uly toplumyny ýygnap, Älemiň kompýuter şekilini döretdik. Kompýuteriň kömegi bilen, Älemiň uzak wagtyň dowamynda emele gelen ösüş prosesiniň bir bölegini döretmegiň hötdesinden geldik. Bu materiýanyň älemde nähili ýaýrandygyny has gowy düşünmäge kömek eder – diýip, astrofizika barlaghananyň öňdebaryjy alymy Iw Rewa aýdýar.
Kosmosda gezelenç etmek üçin wirtual hakykat äýnekleri ulanylýar.
-Älemi üç ölçegde görkezip, materiýanyň köp toplanan ýeri bolan galaktikalaryň toparlaryny görkezmek bilen, älemiň nähili işleýändigine düşünip bilersiňiz – astrofizika barlaghananyň müdiri Žan Pol Kneýb aýdýar.
Maglumatlar gorunda 50 milliondan gowrak galaktika we 300 million obýekt, şeýle hem üç müň orbita hemrasyndan alnan maglumatlar bar. Alymlar programmanyň indiki wersiýasyna asteroidler, dumanlyklar we pulsarlar baradaky maglumatlary girizmegi meýilleşdirýärler.