Häzirki wagtda Netflix-iň täze koreý serialy “Squid Game” ekran eseri bütin dünýäni özüne bendi edýär. Serial ekranlara çykan ilkinji gününden bäri hemmäniň üns merkezinde. Netflix-iň iň köp tomaşa edilen ekran eseri rekordyny alan serial platformanyň nyşanyna-da öwrülmäge golaý. Seriala ilkinji 17 günde 111 million adama tomaşa etdi. Bu görkezijiniň şu günki günde 132 milliona ýetendigi aýdylýar. Platformanyň ozalky rekordy 28 günde 82 million tomaşaçy ýygnan “Bridgerton” serialydy.

Eýýämden ikinji möwsümiň hem tassyknamasyny (entek resmi däl) alan serial Netfix-e girdeji gazandyrmagyny dowam edýär. Önümçiligi üçin 21,4 million dollar (her bölümi üçin 2,4 million dollar) harçlanan 9 bölümlik serial öz çykdajysynyň öwezini 40 göterim bilen yzyna gaýtardy. Serialyň häzirki wagtda platforma 900 million dollara golaý (891,1 million dollar) girdeji gazandyrandygy bellenilýär. Bu girdejiniň entekler artmagyna garaşylýar.

Serialyň esaslandyryjysy Hwan Don-hýuk ssenarini on ýyl öň ýazyp başlandygyny aýdyp, serialy käbir studiýalaryň “logika ters” ýa-da “gaty gülkünç” diýip kabul etmändigini, ahyrynda-da Netflix-iň “hakykata golaý” diýip, kabul edendigini gürrüň berýär.