Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “Gazprom” kompaniýasy daşary ýurtlara eksport edýän tebigy gazynyň möçberini 1-nji ýanwardan 15-nji oktýabr aralygynda 13,1 % artdyryp, 152,2 milliard kubmetre ýetirdi. Bu barada kompaniýanyň resmi saýty habar berdi. Maglumatlara görä, degişli döwürde tebigy gazyň önümçiliginiň geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 16,6 göterim artyp, 399,4 milliard kub metre deň bolupdyr. “Gazprom”-yň eksporty Türkiýä 125,3 %, Germaniýa 28,2%, Italiýa 16,3 % Rumyniýa 288,6 % ýokarlanypdyr. Degişli döwürde Serbiýa 112,1 %, Bolgariýa 52,7 %, Polşa 10 %, Gresiýa 12,9%, Finlýandiýa 15,3 % möçberde tebigy gaz iberilipdir.
Häzirki wagtda Baltika deňzi arkaly Germaniýa we beýleki Ýewropa ýurtlaryna gaz akdyrmak üçin niýetlenen “Demirgazyk akymy 2” gazgeçirijisiniň gurluşygy tamamlandy. Indi bolsa, tehniki taýdan resminamalaşdyryş işlerini tamamlamak üçin gepleşikler alnyp barylýar. Munuň Täze ýyla çenli dowam etjekdigi mälim edilýär.