Hytaýyň elektrokar önümçiligi bilen meşgullanýan “NextEV” şereketi dünýäniň iň ýokary tizlikli elektrokaryny köpçülige hödürledi. Londondaky tanyşdyrylyş dabarasynda görkezilen “EP9” atly bu ulag şereketiň täze brendi “Nio”-nyň ilkinji modeli bolar. Sagatda 200 km/s tizlige 7,1 sekuntda çykýan ulagyň iň ýokary tizligi 313 km. Onuň doly zarýad almagy üçin 45 minut ýeterlik. Ol bir gezekki zarýady bilen 427 km ýoly külterläp bilýär. Şeýle hem onuň batareýasyny bary-ýogy 8 minutda çalşyp bolýar. Ýagny, onuň ätiýaçdaky batareýasy bilen iki esse ýol geçmek mümkin.
“NextEV” şereketiniň esaslandyryjysy William Li “Nio EP9”-yň bar bolan ülňüleriň çäkleriniň üýtgedilmegi üçin döredilendigini we “Nio”-nyň awtoulag önümçiliginiň mümkinçiliklerini giňden görkezýändigini aýtdy. Şeýle hem bu ulagyň öz klasynyň iň gowusydygyny we elektroulaglaryň nähili derejede kämilleşdirilip bilinjekdiginiň alamatydygyny belledi. Ol geljekde hemmäniň elektrokarlara isleg bildirjekdigini we bu ýagdaýyň has durnukly gelejege goşant goşjakdygyny aýtdy. Ýeri gelende, elektroulaglar barada şuňa meňzeş pikirler dürli ulag serişdeleriniň konstruktory Pol Priýestman tarapyndan hem öňe sürlüpdi.
Germaniýada rekord goýdy
Ulagyň iň ýokary tizligini görkezmek üçin “EP9” Germaniýadaky Nýurburgring ýolunda synagdan geçirildi. Onuň görkezen netijesi häzire çenli edilen synanyşyklaryň iň ýokarsy boldy. Ulag ýasalanda, ulanylan materiallaryň ýeňil bolmagy we ýokary tehnologiýadan peýdalanylmagy bu rekordy täzelemäge mümkinçilik beripdir. Şeýle-de onuň aerodinamik gurluşy tizligini ýokarlandyrmaga ýardam etdi. Elektrokaryň yz tarapy “Formula 1” ulaglarynyň iki essesi ýaly basyş döredýär. Bu bolsa, onuň ýere mäkäm “ýapyşmagyna” mümkinçilik berýär. Ulagyň köpçülikleýin önümçiliginiň haçan ýola goýuljakdygy we bahasy barada maglumat berilmedi.
Hytaýda elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglary öndürmek üçin başga-da birnäçe taslama durmuşa geçirilýär. Golaýda “Techrules” şereketi ýolda gidip barýan mahaly zarýad berip bolýan nusgalyk elektroulagy köpçülige hödürledi. Ýurduň iň uly awtoulag kärhanalarynyň biri bolan “Geely” kompaniýasy hem “Lynk” atly elektrokaryny tanyşdyrypdy.