Serbiýanyň Prezidenti Aleksandar Wuçiç we Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban Serbiýanyň Ýewropa Bileleşigine agza bolmagynyň uzaga çeken döwründe iki ýurduň ýakynlaşýandygyny habar berdiler. Şeýle çykyşlar Belgrad bilen Budapeşti birleşdirýän demirýoluň giň gerimli durkunyň täzelenmeginiň çäginde täze ugruň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly dabarada mälim edildi. Ýokary tizlikli demir ýol ulaglarynyň ýakyn ýyllarda bu ugur boýunça hereket edip biljekdigi çak edilýär.

Aleksandr Wuçiç bu taslamany simwolik häsiýete eýedigini belläp:

-Uzynlygy 27 kilometre barabar bolan demirýoluň bu böleginiň durkunyň täzelenmegi Subotisadan Segeže adamlaryň we harytlaryň daşalmagyny has-da gowulandyrar, ykdysady, medeni, şahsy gatnaşyklary güýçlendirer we serbler bilen wengerleriň, Serbiýa bilen Wengriýanyň arasyndaky dostlugy berkider.

Wiktor Orban hem öz gezeginde, iki ýurduň Şengen zolagynyň serhedine bölünýänligi bilen baglanyşykly durup geçip, şeýle diýdi:

-Ýewropa Bileleşiginiň araçäginiň ýakyn ýyllarda günorta tarap süýşjekdigine, pasport gözegçiligi bolmazdan serbleriň Wengriýa we Ýewropa syýahat edip biljekdigine ynanaýaryn – diýdi.

2012-nji ýylda Serbiýa Ýewropa Bileleşigine agza bolmak üçin dalaşgär derejesini aldy. Sentýabr aýynda Wuçiç Belgradyň indi Ýewropanyň integrasiýa prosesine öňküsi ýaly gyzyklanmaýandygyny aýtdy.