Golaýda Salwadorda “Bitcoin” kriptowaýutasy töleg serişdesi hökmünde kabul edilipdi. Şondan soňra ýurduň her bir raýatyna içinde 30 dollar töweregi kriptowalýuta bolan “Chivo” atly elektron gapjyk berlipdi. Ýurduň Prezidenti Naýib Bukele “Volaris” awiakompaniýasynyň “Bitcoin”-i töleg hökmünde kabul etjekdigini mälim etdi. Ýurtda beýleki edara-kärhanalar hem tölegiň bu görnüşini kabul edýär. Iri kompaniýalar hem şeýle düzgüne geçip başlady. 2015-nji ýylda Meksikanyň TAR awiakompaniýasy hem “Bitcoin” töleg serişdesi hökmünde kabul etjekdiklerini mälim edipdi.