Mobil we beýleki elektron enjamlaryň önümçiligi bilen meşgullanýan Hytaýyň “Xiaomi” tehnologiýa kompaniýasy birnäçe wagt bäri täze taslamanyň üstünde işleýär. Kompaniýa dolulygyna elektrik energiýasy bilen işeýän awtoulaglaryny köpçülige görkezdi. “Yulon” kompaniýasy bilen bilelikde sedanyň, SUV ulagynyň we awtobusyň nusgalyk görnüşleri taýýarlanypdyr.
“Model C” atly SUV ulagy ýedi orunlyk bolup, bir gezekki zarýady bilen 700 km ýol geçýär. 0-100 km/sagat tizlige bolsa 3,8 sekuntda çykýar. Uly göwrümli sedan bolan “Model E”-niň kuwwaty 750 at güýjüne barabar bolup, bir gezekki zarýady bilen 750 km km ýol geçip bilýär.
Täze ulaglar “Foxtron” brendi bilen satuwa çykarylar. Bu kompaniýanyň başlygyny orunbasary Tso Çi-sen ulaglaryň tanyşdyrylyş dabarasynda bäş ýylyň dowamynda elektroulag satuwyndan 35 milliard dollar girdeji gazanmagy maksat edinýändiklerini aýtdy. Tso Çi-sen 2025-2027-nji ýyllar aralygynda global elektroulag bazaryndaky ulaglaryň 10 göterimine hyzmat ýa-da ätiýaçlyk şaýlaryny satmagy maksat edinýändiklerini belledi.
Sedan modeliniň geljek ýyllarda satuwa çykaryljakdygy aýdylan bolsa, SUV modeliniň 2023-nji ýylda müşderilere ýetiriljekdigi habar berildi. Awtobus bolsa “Foxtron” ady bilen geljek ýyldan başlap, müşderilere ýetiriler.