Londondaky “Bonhams” auksion öýüne fransuz imperatory we serkerdesi Napoleon Bonapartyň “Klisson we Ýewgeniýa” atly powestiniň golýazmasy çykaryldy. Auksion öýünde aýtmaklaryna görä, häzirki wagtda powestiň golýazmanyň diňe bäş bölümi saklanyp galypdyr. “Bonhams” auksion öýi şolardan köp düzedişli dört sahypalyk golýazmany satuwa çykarýar. Auksion öýüniň wekilleri 1991-nji ýyla çenli bu golýazmanyň britan demir ýollarynyň gaznasyna degişli bolandygyny, soňra auksionda amerikaly bir kolleksionere satylandygyny bellediler.
-Häsiýetlendirilişinden çen tutsaň “Klisson we Ýewgeniýa”-nyň baş gahrymany Napoleonyň özüne görnetin çalym edýär. Eseriň bu bölegi dünýä taryhynyň iň meşhur we tanymal şahsyýetleriniň birine öwrülmeginiň bosagasyndaky adamyň düşünjesi barada gürrüň berýär – diýip, Londonyň “Bonhams” auksionynyň “Kitaplar we golýazmalar” bölüminiň başlygy Metýu Heliý aýtdy. Heliniň pikiriçe, awtobiografik powest Napoleon goşunda gulluk edip ýören döwri 1795-nji ýylda ýazylypdyr.
Auksion 27-nji oktýabrda geçiriler.