Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň netijesinde halkara hyzmatdaşlygynda uly ösüşler gazanylýar. Ata Watanymyz dünýäniň köp sanly döwletleri bilen syýasy, söwda-ykdysady hem-de
medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy özara bähbitlilik hem-de deňhukuklylyk esasynda alyp barýar.

Bu ugur­da hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­ly­ga hem uly orun be­ril­ýär. Ýur­du­myz BMG, ÝHHG, ŞHG, YHG we GDA ýa­ly hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry bi­len köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy üs­tün­lik­li ös­dür­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da­ky Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy (GDA) bi­len gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi hem ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň GDA bo­ýun­ça hyz­mat­daş­la­ry bi­len öza­ra he­re­ket et­mä­ge bo­lan gy­zyk­lan­ma­sy­nyň ýo­kar­la­nan­dy­gy­ny nyg­ta­mak üçin äh­li esas­lar bar­dyr. Bu, il­kin­ji no­bat­da, yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer­lik ul­gam­la­ry­na, GDA ýurt­la­ry üçin umu­my äh­mi­ýe­te eýe bo­lan çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi ba­ra­da­ky baş­lan­gyç­la­ra de­giş­li­dir. Türk­me­nis­tan bu se­bit gu­ra­ma­sy­na bir­nä­çe ge­zek baş­lyk­lyk edip, Döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň ge­ňe­şin­de, Hö­kü­met ýol­baş­çy­la­ry­nyň ge­ňe­şin­de, Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň ge­ňe­şin­de, Yk­dy­sa­dy ge­ňe­şin­de, döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gyň ter­tip­na­ma­la­ýyn we beý­le­ki eda­ra­la­ry­nyň ýa­nyn­da­ky he­mi­şe­lik yg­ty­ýar­lan­dy­ry­lan we­kil­le­ri­niň ge­ňe­şin­de, şeý­le hem GDA-nyň Yk­dy­sa­dy ge­ňe­şi­niň ýa­nyn­da­ky Yk­dy­sa­dy me­se­le­ler bo­ýun­ça To­pa­ryn­da iş­jeň hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly go­şant goş­dy.

Go­laý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň on­laýn ter­tip­de ge­çi­ri­len mej­li­si­ne gat­naş­ma­gy «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» di­ýip yg­lan edi­len üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň mö­hüm wa­ka­sy bol­dy. Mil­li Li­de­ri­miz wi­deo­şe­kil­li çy­ky­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň GDA-nyň çäk­le­rin­dä­ki ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­la­ry do­wam et­dir­mä­ge do­ly taý­ýar­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le-de, Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň dost­la­ry we hyz­mat­daş­la­ry üçin he­mi­şe açyk­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da GDA-da sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik iş, howp­suz­lyk me­se­le­le­ri, yk­dy­sa­dy­ýet, ener­ge­ti­ka, ulag, eko­lo­gi­ýa, oba ho­ja­ly­gy we azyk howp­suz­ly­gy, ylym-bi­lim, me­de­ni­ýet, sport, sy­ýa­hat­çy­lyk ýa­ly ugur­lar bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gyň oňyn tej­ri­be­si top­la­nyl­dy. Türk­me­nis­ta­nyň 2012-nji hem-de 2019-njy ýyl­lar­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­na üs­tün­lik­li baş­lyk­lyk et­me­gi Ar­ka­la­şy­ga gir­ýän ýurt­la­ryň ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry­ny has-da pug­ta­lan­dyr­ma­ga, tä­ze gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­ga hem-de bi­le­lik­dä­ki işiň uly kuw­wa­tyn­dan has ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di.

Üs­tü­miz­dä­ki ýyl Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy üçin hem mö­hüm se­ne­dir. Şu ýyl bu gu­ra­ma­nyň dö­re­dil­me­gi­ne hem 30 ýyl dol­ýar. Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz ýa­ly, GDA-nyň dü­zü­min­dä­ki köp san­ly ýurt­lar özü­niň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­ny giň­den bel­le­di. Bu gu­ra­ma ag­za döw­let­ler ulag we ener­ge­ti­ka tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek, hä­zir­ki za­man inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny, se­bi­ta­ra äh­mi­ýet­li lo­gis­ti­ka mer­kez­le­ri­niň ara­gat­na­şy­gy­ny dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, öza­ra bäh­bit­li söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­ny iş­jeň­leş­dir­mek we gi­ňelt­mek ba­bat­da köp san­ly iri tas­ma­lar bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy­ny has-da iş­jeň­leş­dir­ýär­ler. Eziz Di­ýa­ry­myz hu­su­san-da, yk­dy­sa­dy­ýet ba­bat­da öza­ra hyz­mat­daş­ly­gyň GDA-da jem­le­nen köp ýyl­lyk tej­ri­be­si­ne esas­la­nyp, yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry di­ňe bir Ar­ka­la­şy­gyň çäk­le­rin­de ös­dür­mä­ge däl-de, eý­sem, ola­ry se­bi­ta­ra we hal­ka­ra de­re­jä çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li usul­la­ry­ny dö­ret­mä­ge ýar­dam ber­ýär.

Umu­man, ýurdumyz döw­le­ti­miz se­bit we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň iş­jeň ag­za­sy bol­mak bi­len, äh­lu­mu­my hem-de dur­nuk­ly ösü­şiň ga­za­nyl­ma­gy ug­run­da äh­li ta­gal­la­la­ry edip, iri hem-de mö­hüm tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ma­gy üçin aý­ra­tyn çe­me­leş­me­le­ri ama­la aşyr­ýar.

 

Ba­har AN­NA­ÝE­WA, 

Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky 

Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.