Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ählumumy üstaşyr ulag mümkinçiliklerini döretmek babatdaky öňdengörüjilikli başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ulag ulgamyny ösdürmegi ugur edinýän milli, şeýle hem sebit we halkara ähmiýetli taslamalar amala aşyrylýar.
Ýurdumyz dünýäniň ähli döwletleri bilen ikitaraplaýyn deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerini işjeň ösdürýär. Awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawlaryny işjeňleşdirmek bilen, «Demirgazyk – Günorta», «Gündogar – Günbatar» ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Ol Ýuwaş ummanyndan Hazar deňzine we Gara deňze çenli, Ýewropanyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli uly giňişligi öz içine alýar.
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň barha ösdürilýändigini hem-de bu ugurda halkara başlangyçlarynyň gün tertibinde işjeň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny görmek bolýar. Muňa golaýda milli Liderimiziň Hytaý Halk Respublikasynyň guramagynda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna sanly ulgam arkaly gatnaşmagy aýdyň şaýatlyk edýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz BMG-niň howandarlygynda ulag meselesi boýunça ählumumy dialogy ýola goýmak başlangyjy bilen çykyş edip, BMG bilen bilelikde Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty Aşgabatda üstünlikli gurady. 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen ählumumy forum Durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde halkara ulag ulgamyny ösdürmek boýunça giň halkara gatnaşyklaryň täze tapgyryna badalga berdi. Şol halkara forumda hormatly Prezidentimiziň BMG-niň ulagy ösdürmek boýunça Ýörite sebitara maksatnamasyny işläp taýýarlamak baradaky teklibi dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma eýe boldy.
Umuman, hormatly Prezidentimiz bu ugurda sebit we dünýä ähmiýetli başlangyçlary, teklipleri öňe sürýär. Şonuň esasynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde transmilli ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Ulag ulgamlarynyň batly depginlerde ösdürilmegi täze durmuş-ykdysady şertleriniň döredilmegine, işewür we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňelmegine, goňşy ýurtlar, şeýle hem dünýäniň beýleki döwletleri we halklary bilen dostlukly gatnaşyklaryň berkemegine ýardam edýär.
Diýarymyzyň üstaşyr geçirmek mümkinçiliginiň amala aşyrylmagy goňşy ýurtlaryň ykdysady bähbitlerine-de kybap gelýär, yklymda berk logistik aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, ynam bildirýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, deňhukuklylygyň we ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Muhabbet GAFUROWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.