Gazagystanyň Parlamentiniň senaty (ýokarky palatasy) Hazar deňzini gury ýer çeşmeleri bilen hapalanmakdan goramak we gury ýerde geçirilen çäreleriň netijesinde Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak maksady bilen çarçuwaly konwensiýa baradaky teswirnamany tassyklamak barada” kanun kabul etdi.
Teswirnama 2012-nji ýylyň dekabrynda Moskwada gol çekildi. “Resminamanyň maksady deňiz gurşawynyň gury ýer çeşmelerinden hapalanmagynyň öňüni almak, azaltmak, gözegçilik etmek we mümkin boldugyça aradan aýyrmak we gury ýerde geçirilen çäreleriň netijesinde Hazar deňziniň ekologik taýdan sagdyn deňiz gurşawyny gazanmakdan we goldamakdan ybaratdyr” diýlip, senatyň oba hojalygy, tebigaty dolandyrmak we oba hojalygyny ösdürmek baradaky komitetiniň beýanatynda bellenilýär.
Bu teswirnamanyň tassyklanmagy, deňizde we kenarýaka zolagynda ykdysady çäreleri amala aşyrmakda iň oňat tehnologiýalaryň we daşky gurşaw tejribesiniň ulanylmagyna ýardam berer. Mundan başga-da, deňiz gurşawynyň we Hazar deňziniň kenarýaka sebitleriniň fiziki, biologiki we himiki aýratynlyklary, şol sanda gury ýer çeşmelerinden deňze düşýän hapalaýjylaryň mukdary barada maglumatlar binýady dörediler. Bu kenar ýakasyndaky giňişligiň hapalanmagynyň derejesine yzygiderli baha bermäge mümkinçilik berer.
Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça çarçuwaly konwensiýa 2003-nji ýylyň noýabr aýynda Hazaryň kenaryndaky baş ýurt: Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan tarapyndan gol çekildi. Konwensiýanyň maksady Hazar deňziniň deňiz gurşawyny hapalanmagynyň öňüni almak, şol sanda, onuň biologik ätiýaçlyklaryny gorap saklamak, dikeltmek, durnukly we oýlanyşykly ulanmakdan ybaratdyr.
Senat tarapyndan tassyklanylandan soň resminama Gazagystanyň prezidenti tarapyndan gol çekiler.