«Şençžou-13» kosmos gämisiniň taýkonawtlary «Týangun» orbital stansiýasyna baryp ýetdi. Bu hytaý kosmonawtikasynyň taryhynda iň uzyn uçuş bolup, indiki ýylyň aprel aýyna çenli dowam eder. Olar stansiýanyň esasy modulynyň işini ýola goýup, toplumyň işiniň has-da giňemegi üçin enjamlary taýýarlarlar. Hytaýyň ilkinji kosmos stansiýasy T görnüşli üç sany moduldan ybarat bolar. Hytaý bilelikdäki Halkara kosmos stansiýasyna gatnaşmaýandygy üçin özüniň aýratyn kosmos stansiýasyny gurýar.