Haýwanlar ýaly aýaklary, bogunlary, nerw ulgamy ýok hem bolsa, ösümlikler hem hereket edýär. Käbir ýabany ösümlikler köpelmek üçin tohumlaryny uzak aralyga atyp goýberýärler. Topraga düşen tohum tebigy şertler emele gelen halatynda gögerýär. Käbir köpýyllyk ösümlikleriň tohumy ýeliň ugruna uçup gidýän übtüginde ýerleşýär. Bu tohumlar hem başga bir ýerde düýp tutýar. Ösümlikleriň tohumlaryny ýaýratmak ýa-da mör-möjekleri «awlap iýmek» hereketi mundan ozal biologlar tarapyndan öwrenilýärdi. Indi bolsa, tebigatdan ylham alýan inženerler robotlary ýasamak üçin ösümlikleri öwrenýärler.
Hereket etmegi bilen ünsi özüne çekýän ösümlikleriň biri hem paporotniklerdir. Gül açmaýan bu ösümlikleriň tohumy sekuntda 10 metrden hem ýokary tizlik bilen atylýar. Şeýlelikde, topraga düşen tohum amatly şertler emele gelende gögerip çykýar. Bu otuň çigidi togalak şekilli gozanyň içinde ýerleşýär. Bu gozanyň bir tarapynda ýarym aýlaw şekilli hatar-hatar öýjükler bolýar. Bu öýjükleriň suw ýitirmegi netijesinde tomsuň yssy günlerinde göwrümi kiçelýär. Şeýlelikde, bu gozanyň bir tarapy ýyrtylýar. Soňra bolsa edil çekilen ýaýyň kirişi ýaly dartylýar. Netijede, tohumlar ýokary tizlik bilen daş-töwerege pytraýar.
Ösümlikleriň köpüsi gerekli minerallary toprakdan, energiýany bolsa Günden alýar. Emma janly-jandarlar bilen iýmitlenýän ösümlikler hem bar. Olaryň biri hem siňekgapandyr. Ylmy ady «Dionaea muscipula» bolan bu ösümlik Amerika materiginiň tropikal sebitlerinde bitýär. Bu ösümlikleriň açylyp-ýapylýan ýapraklary bolýar. Iki bölekden ybarat ýapragyň duýgur tüýjagazlary bar. Bu tüýjagazlara siňek we şoňa meňzeş mör-möjekler gonanda, ýaprak sekundyň ondan biri ýaly wagtyň dowamynda ýapylýar. Bu edil gapana meňzeýär. Soňra bolsa ýörite mäz bölünip çykyp, siňegi eredýär. Soňra ýaprak ýene açylýar.
Jandarlary awlaýan ýene bir ösümligiň ylmy adyna «Aldrovanda vesiculosa» diýilýär. Ol «suw tigri» diýlip hem atlandyrylýar. Suwda bitýän bu ösümlige beýle at berilmeginiň sebäbi, onuň ýapraklarynyň tegelek ýerleşmegi bilen baglydyr. Bu ösümligiň ýapraklarynda hem siňekgapanlaryňky ýaly tüýjagazlary bolýar. Tüýe islendik zat degeninde ol ýapylýar we ösümlige iýmit bolýar.
Günorta Afrikada bitýän «Drosera capensis» atly ösümlik hem mör-möjekler bilen iýmitlenýär. Bu ösümligiň ýapraklarynyň ujunda damja şekilli ýelimli tüýjagazlar bolýar. Ýapraga gonan jandan oňa ýapyşýar. Soňra bolsa ýaprak awuň daşyna oralýar. Bu ösümlige Güneş gülleri diýilýär.
Ýokarda agzalan ösümlikleriň nähili hereket edýändigi alymlar tarapyndan çuňňur öwrenilýär. Mysal üçin Güneş gülleriniň ýapraklarynyň awunyň daşyna oralmagyna seredip, robotyň barmaklaryny işläp taýýarlaýarlar.