Dünýä Kubogy 2026-nyň 30-njy ýygyndysy hem belli boldy

64
Croatian players, officials and their relatives celebrate their team's qualification for the World Cup at the end of the 2026 World Cup qualifiers Europe zone group L football match between Croatia and Faroe Islands at the Stadion HNK in Rijeka, on November 14, 2025. (Photo by AFP)

Geljek ýylyň tomsunda ABŞ, Kanada hem-de Meksikada geçiriljek 23-nji FIFA Dünýä Kubogyna gatnaşjak 30-njy ýygyndy Horwatiýanyň milli topary boldy. Ýewropa zolagynda “L” toparçada çykyş edýän Horwatiýanyň ýygyndysy 7-nji duşuşygynda Farer adalarynyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda horwatlar 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Myhmanlaryň Turiniň 16-njy minutdaky goly bilen öňe saýlanan duşuşygynda horwatlara ýeňiş getiren pökgüleri Gwardiol (23), Petar Musa (57) hem-de Nikola Wlaşiç (70) geçirdi. Şunlukda, Horwatiýanyň ýygyndysy 7-nji gezek Dünýä Kubogyna wekilçilik ederler (1998, 2002, 2006, 2014, 2018, 2022, 2026). Olar Garaşsyzlykdan soň diňe 1 gezek Dünýä Kubogyna (2010) hem-de Ýewropa çempionatyna (2000) gatnaşyp bilmediler.

Toparçada Farer adalarynyň ýygyndysynyň hem mümkinçiligi şu duşuşyga çenli dowam edýärdi. Ýöne bu ýeňlişden soň olaryň hiç hili mümkinçiligi galmady. Toparçada Çehiýanyň ýygyndysy 2-nji orny eýeläp, pleý-off tapgyryna gatnaşar.