Ýaponiýanyň Tokio uniwersitetiniň alymlary fotokataliziň kömegi bilen suwdan 70 göterim wodorod almagy başardylar. Munuň üçin alymlar 100 inedördül metr meýdany tutýan ullakan gurnama gurdular. Gurnamada fotokatalitik madda bilen örtülen Gün panelleri ulanyldy, olaryň üsti bilen suw üpjün edildi.
Fotokatalizator Gün şöhlelerini dargatmak arkaly suwuň kisloroda we wodoroda bölünmegini çaltlaşdyrýar. Ýaponiýanyň alymlary şonuň netijesinde, wodorodyň 70% -ini ýygnamagy başardylar.
Şeýlelikde, ýapon alymlary köp mukdarda arzan gaz öndürmek üçin bu tehnologiýany ulanmagy meýilleşdirýärler. Ýaponiýa Günbatar ýurtlary bilen bilelikde 2050-nji ýyla çenli uglerod zyňyndylarynyň mukdaryny azaltmak üçin tagalla edýär.
Muhammetnazar ÇARYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.