Hytaýly agronomlar şalynyň ýokary hasylly täze sortuny döretdiler. Şalynyň bu görnüşi seçgiçi Ýuan Lunpiniň topary tarapyndan tapylypdy. Täze tohum Huan welaýatynyň Henýan şäherinde gadymy Sinçžu obasynda synag maksady bilen ekildi. 667 inedördül metr meýdandan 1603 kilogram hasyl alyndy. Geçen ýyl bu ugurdaky görkeziji 1530 kilogram bolupdy.
Hytaý şalyçylykda seçgi-genetika ylmy barlagynda we bioinženerçilikde öňdäki orunlary eýeleýär. 1973-nji ýylda hytaýly alym-seçgiçi Ýuan Lunpin şalynyň ýokary hasylly görnüşlerini döredipdi. Şonuň üçin oňa «gibrid şalynyň atasy» diýilýär.
Merdan BABAKULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.