22-nji oktýabrda geçirlen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň 24-25-nji oktýabrda Türkmenistana meýilleşdirilen döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Iki goňşy ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlar boýunça türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň yzygiderli depgini bellenildi. Bu gün resminamalaryň 120-si ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny emele getirýär.

Biziň ýurtlarymyz abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edip, birek-birege özara goldaw berýärler. Hususan-da, Gazagystan Respublikasy Türkmenistan tarapyndan başy başlanan BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň 16-synyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde bilelikdäki hökümetara toparyň işine möhüm orun berilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýakyn goňşy ýurtlar, şol sanda dostlukly Gazagystan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de giňeltmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, biziň döwletlerimiziň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly sebit we ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri boýunça taraplaryň eýeleýän ornunyň ýakyndygy halkara derejede netijeli gatnaşyk etmäge berk binýat bolup durýar.

Ýokary derejede geçiriljek duşuşyk hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda onuň uly kuwwatyny has doly peýdalanmaga, uzak möhletleýin geljegi nazara alyp, gatnaşyklaryň täze möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam eder.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak döwlet saparyna taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.