Moto GP-de möwsümiň tamamlanmagyna 2 ýaryş galanda 2021-nji ýylyň çempiony belli boldy. Möwsümiň 16-njy ýaryşy Emilia Romanýa “Gran Prisi” Italiýada geçirilip, ýaryşda “Repsol Honda” toparynyň ispaniýaly sürüjisi Mark Markes ýeňiş gazandy. Ol 27 aýlawy 41 minut 52,830 sekuntda tamamlap, möwsümdäki 3-nji, karýerasyndaky 59-njy ýeňşini baýram etdi. Ýaryşda Markesiň watandaşy hem topardaşy Pol Espargaro 2-nji, “Esponsorama Racing Ducati” toparynyň italiýaly sürüjisi Enea Bastianini 3-nji ýeri eýeledi.

Bäsleşigi 4-nji hatarda tamamlan “Monster Energy Yamaha” toparynyň fransiýaly sürüjisi Fabio Kuartararo çempionlygyny yglan etdi. Ol umumy sanawda 2-nji orunda barýan italiýaly Françesko Baiananyň awariýa bolup, ýaryşdan çykmagyndan soň, möwsümiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda, 65 utuk öňe saýlandy. Şeýlelikde, utugyny 267-ä ýetiren 22 ýaşyndaky Kuartararo karýerasynda ilkinji gezek Moto GP-niň çempion boldy. Ol Moto GP-de çempionlyk gazanan ilkinji fransuz sürüjisi hökmünde hasaba alyndy. Şeýle-de 5 ýyldan soň Yamaha toparynyň wekili çempionlyk gazandy. Kuartarara şu möwsümde 5 gezek ýeňiji bolup, onuň karýerasynda jemi 8 ýeňiş bar.

Moto GP-de möwsümiň indiki ýaryşy 7-nji noýabrda Portugaliýanyň Portimao şäherinde geçiriler.