Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy (BMG) «Azi­ýa­nyň ho­wa ýag­da­ýy» at­ly mag­lu­mat­na­ma ýaý­rat­dy. Res­mi­na­ma­da Azi­ýa yk­ly­my­nda 2020-nji ýyl­yň iň ys­sy ýy­l bo­lan­dy­gy aý­dyl­dy. Mag­lu­mat­da ho­wa­nyň aşa gyz­ma­gy­nyň yk­ly­myň ösü­şi­ne zy­ýan ýe­tir­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Bu mag­lu­mat­na­ma­da «Dur­nuk­ly ösü­şiň howp as­tyn­da­dy­gy, azyk we suw howp­suz­ly­gy­nyň, sag­lyk tö­wek­gel­çi­li­gi­niň we daş­ky gur­şa­wyň za­ýa­lan­ma­gy­nyň ýo­kar­lan­ýan­dy­gy aý­dyl­ýar. «Azi­ýa­nyň ho­wa­sy­nyň ýag­da­ýy» at­ly ha­sa­bat­da ho­wa bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýyl­lyk or­ta­ça ýit­gi­ler hem gör­ke­zil­ýär. Hy­taý ho­wa­nyň tä­si­rin­den tak­my­nan 238 mil­liard dol­lar zy­ýan çe­ken bol­sa, bu gör­ke­zi­ji Hin­dis­tan­da 87 mil­liard dol­lar, Ýa­po­ni­ýa­da 83 mil­liard dol­lar we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da 24 mil­liard dol­lar bo­lup­dyr. Bü­tin­dün­ýä Me­teo­ro­lo­gi­ýa Gu­ra­ma­sy­nyň baş­ly­gy Pet­te­ri Taa­las: «Suw joş­gun­la­ry, tu­pan­lar we gu­rak­lyk se­bit­dä­ki köp ýur­da oňaý­syz tä­si­ri­ni ýe­tir­di» – di­ýip bel­le­di. Şeý­le-de bol­sa ge­çen ýyl Azi­ýa­da or­ta­ça tem­pe­ra­tu­ra­nyň 1981-2010-njy ýyl­la­ryň or­ta­ça de­re­je­sin­den 1,39 de­re­je ýo­ka­ry bo­lan­dy­gy mä­lim edil­di. Rus­si­ýa­nyň Wer­ho­ýansk şä­he­rin­de 38 de­re­je ys­sy ho­wa­nyň ha­sa­ba al­nan­dy­gy, bu gör­ke­zi­ji­niň Ark­ti­ka te­ge­le­gi­niň de­mir­ga­zy­gyn­da ha­sa­ba al­nan iň ýo­ka­ry tem­pe­ra­tu­ra­dy­gy aý­dyl­dy.

Buz­luk­lar ki­çel­ýär
Ha­sa­ba­ta gö­rä, Hin­di, Ýu­waş we Ark­ti­ka um­man­la­ryn­da de­ňiz üs­tün­dä­ki or­ta­ça tem­pe­ra­tu­ra­ 2020-nji ýyl­da re­kord de­re­jä ýe­tip­di. De­ňiz üs­tün­dä­ki tem­pe­ra­tu­ra­nyň we um­man­la­ryň su­wu­nyň gyz­ma­gy Azi­ýa­nyň we onuň tö­we­re­gin­dä­ki tem­pe­ra­tu­ra­nyň dün­ýä­dä­ki or­ta­ça de­re­je­sin­den ýo­ka­ry­ bol­ma­gy­na ge­ti­rip­dir. Arap deň­zi­niň we Ark­ti­ka um­ma­ny­nyň kä­bir ýer­le­rin­de tem­pe­ra­tu­ra üç es­se ýo­ka­ry bo­lup­dyr.
Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, soň­ky wagt­lar­da ho­wa­nyň öz­ger­me­gi­niň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len köp san­ly mas­la­hat­lar ge­çi­ril­ýär. 31-nji okt­ýabr­dan 12-nji no­ýab­r ara­ly­gyn­da Şot­lan­di­ýa­nyň Glaz­go şä­he­rin­de ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne ba­gyş­la­nan hal­ka­ra kon­fe­ren­si­ýa (COP26) ge­çi­ri­ler. Oňa UNFCCC (Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy) ag­za ýurt­lar, döw­let we hö­kü­met ýol­baş­çy­la­ry, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri, iri kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, bi­ler­men­ler we beý­le­ki myh­man­lar gat­na­şar.