Hünärmenler batareýalary adaty bolmadyk materialdan öndürmegi başardylar. Broun uniwersitetiniň alymlary batareýa önümçiliginde ulanmak maksady bilen agaçdan ýasalan materialy işläp taýýarladylar. Bu material arzan we daşky gurşaw üçin zyýansyz hasaplanýar. Telefonlarda, kompýuterlerde we beýleki elektron enjamlarda ulanylýan litiý-ion batareýalarda bugarýan maddalardan peýdalanylýar. Emma bu maddalar kähalatlarda howp döredip bilýär. Mysal üçin, batareýada gysga utgaşma bolan ýagdaýynda bu suwuklyk ýanýar. Täze işlenip taýýarlanan material bolsa, gaty halda bolup, has ygtybarly we önümçiliginde tebigata zeper ýetirmeýär. Bu material kagyz ýaly ýuka we maýyşgak bolup, önümçilikde ulanmaga amatly hasaplanýar.