Le­bap we­la­ýa­ty­nyň zäh­met­sö­ýer eke­ran­çy­la­ry ýur­du­myz­da il­kin­ji bo­lup güýz­lük bug­daý eki­şi­niň üs­tün­lik­li ta­mam­la­nan­dy­gy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler. Şu ýyl we­la­ýat­da 130 müň gek­tar meý­da­na bug­daý ekil­di.
Ýur­du­myz­da dä­ne­li ekin­le­riň ekiş möw­sü­mi­niň baş­lan­ýan döw­ri to­mus pas­ly­nyň ahyr­ky gün­le­ri­ne ga­bat gel­ýän hem bol­sa, oba ho­ja­lyk­çy alym­la­ryň aýt­mak­la­ry­na gö­rä, türk­men güý­zi güýz­lük bug­da­ýy ek­mek üçin iň bir amat­ly wagt bo­lup dur­ýar. Hut şu dö­wür­de bug­daý dä­ne­si en­di­gan gö­ge­riş al­ýar.
Şu möw­süm­de ho­wa ba­ba­tyn­da hem, ag­ro­teh­ni­ki şert­ler ba­ba­tyn­da hem ýag­daý­lar amat­ly bol­dy. Ekiş üçin ýo­ka­ry ha­syl ber­ýän hem-de ke­sel­le­re dur­nuk­ly to­hum­lar taý­ýar­la­nyl­dy. Ekiş iş­le­rin­de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň hä­zir­ki za­man oba ho­ja­lyk en­jam­la­ry peý­da­la­nyl­dy.
Oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da ge­çi­ril­ýän düýp­li öz­gert­me­le­riň tä­ze yk­dy­sa­dy şert­ler­de ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy ola­ryň hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­ly­gy­dyr, şun­da te­le­ke­çi­lik baş­lan­gyç­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn hö­wes­len­di­ril­ýär, eýe­çi­li­giň dür­li gör­nüş­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi üçin amat­ly şert­ler dö­re­dil­ýär.
Gel­jek ýyl Le­bap we­la­ýa­tyn­da 310 müň ton­na bug­daý ha­sy­ly­ny al­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.
* * *
Ahal we­la­ýa­ty­nyň gal­la­çy­la­ry güýz­lük bug­daý eki­şi­ni bel­le­nen möh­let­de ta­mam­la­dy­lar. Eke­ran­çy­la­ryň tu­tan­ýer­li zäh­me­ti ne­ti­je­sin­de, we­la­ýat­da 195 müň gek­tar ýe­re bug­daý ekil­di. Ekiş möw­sü­mi ag­ro­teh­ni­ki ka­da­lar do­ly ber­jaý edi­lip ge­çi­ril­di. Mu­nuň özi bu azyk­lyk eki­niň gel­jek ýyl­da ýo­ka­ry ha­syl ber­me­gi­niň bin­ýa­dy­ny dö­red­ýär.
2022-nji ýyl­da ýur­du­my­zyň daý­han­la­ry­nyň öňün­de 1 mil­li­on 400 müň ton­na bug­daý ha­sy­ly­ny ýyg­na­mak we­zi­pe­si dur­ýar, şo­nuň 400 müň ton­na­sy Ahal we­la­ýa­tyn­da ön­dü­ri­ler. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­wyn­dan ruh­lan­ýan se­bi­tiň gal­la­çy­la­ry şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny ab­raý bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry ed­ýär­ler.