Şwesiýanyň «Volvo» kompaniýasy paýnamalarynyň 20 milliard kronlyk (2,3 milliard dollar) bölegini birža arkaly satuwa çykarar. «Volvo Car»-a eýeçilik edýän Hytaýyň «Geely Holding» kompaniýasy her paýnamanyň bahasynyň 53 kron diýlip kesgitlenendigini belledi.
«Volvo» 2030-njy ýyla çenli diňe elektroulag öndürmegi maksat edinýär. Şeýle hem kompaniýa Ýewropada batareýa zawodyny gurar. Kompaniýa paýnamalary köpçülige hödürlemek arkaly gazanjak girdejisi bilen önümçilik kuwwatyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa 2025-nji ýyla çenli awtoulag satuwyny iki esse köpeldip, ýyllyk 1,2 milliona ýetirmegi göz öňünde tutýar.
Arassa poladyň ilkinji müşderisi
Şwesiýanyň polat önümçiligi bilen meşgullanýan SSAB kompaniýasy kömür ulanmazdan öndürilen ilkinji poladyň müşderisiniň «Volvo» bolandygyny mälim edipdi. «Hybrid» atly taslamanyň çäklerinde polat önümçiliginde kömrüň deregine wodorod ulanmak üçin taslamalary durmuşa geçirýär.
Nurýagdy AÝNAZAROW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.