«Microsoft», «Facebook» we «Alphabet» kompaniýalary şu ýylyň üçünji çärýeginde gazanan girdejileri barada maglumat ýaýratdy. «Microsoft»-yň girdejisi iýul-sentýabr aýlarynda 22 göterim artyp, 45,3 milliard dollara ýetipdir. Geçen ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 37,2 milliard dollar bolan eken. Degişli döwürde kompaniýanyň arassa peýdasy 48 göterim artyp, 20,5 milliard dollara ýetipdir. Geçen ýyl bu görkeziji 13,9 milliard dollar bolan eken. «Microsoft»-yň her paýnamadan alan peýdasy degişli döwürde 1,82 dollardan 2,71 dollara ýetipdir.
«Google»-a eýeçilik edýän «Alphabet» kompaniýasynyň girdejisi geçen ýyldakydan 41 göterim ýokary bolup, 65,1 milliard dollara ýetipdir. Kompaniýa 2020-nji ýylyň degişli döwründe 46,2 milliard girdeji gazanypdyr. Şeýlelikde, kompaniýa 14 ýylyň dowamyndaky iň ýokary çärýeklik ösüşini hasaba aldy. Degişli döwürde «Alphabet»-iň arassa girdejisi 68,4 göterim artyp, 18,9 milliard dollara çykdy. Geçen ýylyň üçünji çärýeginde her paýnamadan 16,40 dollar gazanan kompaniýa bu ýylyň degişli döwründe 27,99 dollar gazanypdyr.
«Facebook» kompaniýasynyň girdejisi ýylyň üçünji çärýeginde 29 milliard dollar bolupdyr. Jemgyýetçilik tory 2020-nji ýylyň degişli döwründe 21,5 milliard dollar girdeji gazanan eken. Kompaniýanyň arassa peýdasy bolsa degişli döwürde 17 göterim ýokarlanyp, 9,2 milliard dollara ýetipdir. Bu görkeziji geçen ýylyň iýul-sentýabr aýlarynda 7,8 milliard dollar bolupdyr.
Jemgyýetçilik torunyň gündelik ulanyjylarynyň sany sentýabr aýynda 6 göterim artyp, 1,93 milliarda ýetipdir. Bu döwürde aýlyk ulanyjylaryň sany bolsa 2,91 milliard bolupdyr.
Mähri GELDIÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
mugallymy.