Birnäçe awtoulag öndürijilerini özünde jemleýän «Stellantis» konsorsiumy bilen «LG Energy Solution» kompaniýasy Demirgazyk Amerikada awtoulag batareýasyny öndürýän zawod gurar. 30 milliard ýewro sarp ediljek desga 2024-nji ýylda işe giriziler. Iki kompaniýa elektroulaglaryň esasy bölegi hasaplanýan batareýalary we olaryň modellerini öndürmek üçin bilelikdäki kompaniýany dörederler.
«Stellantis» 2030-njy ýyla çenli ABŞ-daky awtoulag satuwynyň 40 göteriminden gowragynyň elektroulag bolmagy üçin tagalla edýär. Täze guruljak desgada öndürilen batareýalar «Stellantis»-iň Kanadadaky we Meksikadaky awtoulag ýygnaýan desgalaryna hem iberiler. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde täze tehnologiýalar we çözgütler hem taýýarlanar. Häzirlikçe ýeri anyklanmadyk desganyň düýbi indiki ýylyň ikinji çärýeginde tutular. Iki kompaniýa 2014-nji ýyldan bäri bu ugurda hyzmatdaşlyk edýär.
Toýly MISEKOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.