Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda geçirilen «Geljek maýa goýum başlangyjy» halkara maslahatynda dünýäniň iri kompaniýalarynyň sebit merkezlerini Er-Riýadda açandygy mälim edildi. Olaryň arasynda «PepsiCo», «PricewaterhouseCoopers», «Deloitte», «Unilever», «Samsung», «Siemens», «Halliburton», «Philips» we «Schlumberger» ýaly jemi 44 sany köpmilletli halkara kompaniýa bar. Patyşalyk Geňeşiniň «Twitter» akkaundynda sebitiň iň uly ykdysady şäheri bolandygy üçin 44 halkara kompaniýanyň sebit merkezi hökmünde Er-Riýady saýlandygy mälim edildi.
Aýgül ANNANEPESOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.