Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Tebigy gazyň tassyklanan gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyz häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde «mawy ýangyjy» iberýän esasy döwletleriň hataryna girýär.
Dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary geljegi uly türkmen bazaryndaky ornuny pugtalandyrmaga, ýurdumyz bilen uzakmöhletleýin esasda hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýär. Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň degişli ministrlikleri we edaralary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine her ýyl paýtagtymyzda geçirilýän nebitgaz pudagyna degişli halkara maslahat hem esas bolup hyzmat edýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli türkmen paýtagtynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly XXVI Halkara maslahaty geçirildi.
Bu abraýly işewürler forumy ýurdumyzyň halkara nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek we berkitmek maksady bilen her ýyl geçirilýär. Maslahatyň dowamynda ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň dünýä we sebit ýörelgeleri, sebit taslamalarynyň durmuşa geçirilişi, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy, Hazar deňziniň türkmen kenaryna maýa goýumlary çekmek we täze gazhimiýa taslamalarynyň geljegi maslahatlaşyldy. Forumyň «Tebigy gaz we energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri – az uglerodly geljege geçmekde esasy serişdeler» mejlisiniň çäklerinde «Dubaý EKSPO – 2020» bilen teleköpri guraldy.
Nebitgaz pudagynda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýan ýurdumyzda köp sanly iri taslamalar durmuşa geçirildi we geçirilýär. 2009-njy ýylda durmuşa geçirilen Türkmenistan-Hytaý halkara gaz geçirijisi arkaly «mawy ýangyjyň» köp milliardlyk möçberi Çyn-Maçyna baryp ýetdi.
Ýene-de bir taslama – Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. Türkmen gazynyň Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna iberilmegini üpjün etjek bu taslamanyň gurluşygy sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer.
Iri nebitgaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käni ýokary depginlerde özleşdirilýär. Bu ýerde şu ýyl ýene-de iri guýularyň özleşdirilmegi babatdaky taslamany durmuşa ornaşdyrylmaga girişildi. Türkmenistan tebigy gazy çuň gaýtadan işlemek bilen daşary ýurt bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmegine hem uly ähmiýet berýär. Bu maksat bilen uly maýa goýumlar özleşdirilip, tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawod, tebigy gazdan polipropilen we polietilen öndürýän toplumlar ulanmaga berildi. Mundan başga-da, pes dykyzlykly polietilen, poliwinilhlorid, kaustiki soda we duzly kislota öndürmek boýunça gazhimiýa toplumyny bina etmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Türkmenistan döwletimizde nebitgaz pudagynda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga önjeýli goşant goşjakdygyny ynamly aýtmak bolar.
Ogultäç NURÝAGDYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.