Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Daşky gurşawa aýawly garamak, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek häzirki we geljekki nesilleriň abadan durmuşda ýaşamagy hem-de saglygy baradaky alada bilen berk baglanyşyklydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň ajaýyp tebigatymyzy öwrenmek, goramak, ony baýlaşdyrmak meselelerine örän uly üns bermegi bilen, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň gerimli maksatnama durmuşa geçirilýär. Tokaý we seýilgäh zolaklarynyň meýdanlary ýyl-ýyldan giňeldilýär. Şeýle asylly işler sebit we dünýä möçberinde hem möhüm ähmiýete eýedir.
Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 30 million düýp nahalyny oturtmak meýilleşdirildi. Şu ýylyň ýazky bag ekmek möwsüminde 15 milliondan gowrak nahal ekildi.
Geçen ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda jemi 25 million düýp nahalyň oturdylmagy, bu ýyl onuň sanynyň has-da artdyrylmagy dünýä nusgalyk hem-de abadan geljege gönükdirilen işlerdir.
Türkmenistanda Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli agaçlary hem-de üzüm nahallaryny ekmek, bar bolanlaryna ideg etmek asylly däbe öwrüldi. Oňa ýurdumyzyň raýatlarynyň uludan-kiçi hemmesi ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Bu ählihalk çäresi howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirine garşy göreşmegiň umumadamzat işine uly goşantdyr.
Mälim bolşy ýaly, ekologiýa meseleleri, daşky gurşawy ýaramaz täsirlerden goramak tutuş dünýäde möhüm meseleleriň biridir. Hormatly Prezidentimiz bu meselä aýratyn üns berýär. Türkmenistan BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy hem-de beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli we sebit derejelerinde ekologiýa maksatnamalaryny we taslamalaryny amala aşyrýar.
Şu ýyl döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi hem ekologiýa abadançylygy babatda edilýän möhüm işleriň özboluşly subutnamasy bolup durýar.
Ýurdumyzda «Ýaşyl ösüşiň strategiýasy» hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösdürmegiň gurallarynyň biri hökmünde bellenildi. Bu bolsa öňdebaryjy tejribedir innowasion tehnologiýalara we milli däplere esaslanýar. Her ýylda ýurdumyzda geçirilýän bag ekmek çäreleri hem munuň aýdyň mysaly bolup durýar.
Arslanmyrat BAÝRAMOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.