Mas­sachu­setts Am­herst uni­wer­si­te­ti­niň (ABŞ) hü­när­men­le­ri ça­ga­la­ra gü­nor­tan­ky uky­nyň tä­si­ri ba­ra­da barlag ge­çir­di­ler. 3–5 ýaş ara­ly­gyn­da­ky 40 körpäniň gat­naş­ma­gyn­da ge­çir­ilen barlaglaryň ne­ti­je­si Hal­ka­ra bi­lim­ler aka­de­mi­ýa­sy­nyň (Procee­dings of the Na­tio­nal Acade­my of Sciences) žur­na­lyn­da çap edil­ipdir.
Gü­nor­tan­ky uky­nyň peý­da­sy­nyň şol gün we er­te­si go­wy ýüze çykýandygyny bel­län hü­när­men­ler, ukynyň ýat­keş­li­gi ber­ki­dip, öw­ren­mek uky­by­ny ös­dür­ýän­di­gi­ni anyk­lap­dyr­lar. Gü­nor­tan­lyk na­ha­ryn­dan soň, bir sa­gat uk­lap, dynç alan ça­ga­nyň beý­le­ki gün­le­re gö­rä, he­re­ket­le­rin­dä­ki ba­şar­jaň­ly­gynyň has-da art­ýan­dy­gy belli bolupdyr.
Uk­lap dynç alan ça­ga­la­ryň öw­re­nen zat­la­ry­nyň 10 gö­te­ri­mi­niň has köp ýa­dyn­da gal­ýan­dy­gy su­but edil­ipdir. Körpeleriň beý­ni­siniň dynç al­ma­gy we gel­jek gü­ne taý­ýar­lan­ma­gy üçin, her gün­de 11–13 sa­gat uky­nyň ge­rek bol­şy ýa­ly, gün­diz­ki uky­nyň hem edil gi­je­ki ýa­ly tä­si­ri ulu­dyr. Şol se­bäp­li gü­nor­tan­lyk na­ha­ryn­dan soň, ça­ga­la­ra bir sa­gat uk­lap dynç al­mak­la­ry mas­la­hat be­ril­ýär.