G20 ýurtlarynyň maliýe we saglygy goraýyş ministrleri geljek ýylyň ortasyna çenli dünýä ilatynyň 70 göterimine “Covid-19” ýokanjyna garşy sanjym etmegi maksat edinýär. Döwürleýin başlyklygyny Italiýanyň alyp barýan G20-niň maliýe we saglygy goraýyş ministrleriniň ýygnagynda pandemiýa we maliýe meselelere garaldy. Rimde geçirilen ýygnakda öz ýurduna wekilçilik edýän ministrler geljek ýyllarda ýüze çykyp biljek pandemiýalarda nähili öňüni alyş çäreleriniň geçiriljekdigi barada pikir alyşdylar. Ýygnakdan soňra ýaýradylan bilelikdäki Jarnamada dünýä 2022-nji ýylyň ortalaryna çenli dünýä ilatynyň 70 göteriminiň “Covid-19” ýokanjyna garşy sanjym edilmegini üpjün etmek üçin tagalla ediljekdigi bellenildi. Germaniýanyň maliýe ministri Olaf Şolz Dünýäde köp mukdarda sanjymyň bardygyna garamazdan, sanjym edilişiň mukdarynyň azdygyna ünsi çekdi.