Ýaponiýanyň “Toyota” kompaniýasy bütin dünýäde satuwa çykaryljak ilkinji elektroulagyny köpçülige görkezdi. “bZ4X” atly model “RAV4” modeliniň has kuwwatly görnüşidir. Ulagyň tehniki aýratynlyklary barada jikme-jik maglumat berildi. Kompaniýa mundan soňra elektroulaglaryny “bZ” brendi bilen çykarjakdygyny mälim etdi. Ýagny, “Toyota” elektroulaglarynda “bZ” sözöňi goşulmasynyň boljakdygy aýdyldy.
“Subaru” bilen bilelikde taýýarlananan “e-TNGA” platformasynda gurlan täze ulagyň dört tigri birwagtda aýlanýar. Ulagyň kuwwaty 204 at güýjüne barabar. Şeýle hem bu ulagyň 4×4 däl-de, 4×2 motorly görnüşiniň hem ulanyjylar üçin elýeterli boljakdygy mälim edildi. Bu nusgadaky ulagyň kuwwaty 217,5 at güýjüne barabar bolar. Ulagyň 71,4 kW/sagatlyk batareýasy 450 kilometre çenli ýol geçmäge mümkinçilik berýär. “Toyota” bu batareýalaryň çydamlydygyna ünsi çekip, 10 ýyl ýa-da 240 müň kilometr ýol geçenden soňra-da onuň kuwwatynyň 90 göterim derejede saklanjakdygyny aýdýar. Şeýle hem batareýalara ýarym sagatda 80 göterime çenli zarýad berip bolýar. Isleg bildirýänler ulagyň Gün paneli oturdylan görnüşini hem alyp bilerler. Bu bolsa ulagyň zarýad bermezden has uzak aralyga gitmegine mümkinçilik berer. Berlen maglumata görä, bu panel ýylyň dowamynda ortaça 1 800 kilometr goşmaça ýol geçmäge ýetjek energiýany öndürer. Giň içki dizaýny bilen tapawutlanýan ulagyň bagažynyň göwrümi 450 litre barabar.
Jumanepes Hojanepesow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.