Türk ertekisi

Bir bar eken, bir ýok eken. Ir wagtlarda bir tüçjar bar eken. Onuň owadan, dilewar totusy bolupdyr. Ýöne bu guş şeýle bir gamgyn, tukatmyşyn. Çünki tüçjar ony hiç kapasadan çykarmaýan eken.

Günlerde bir gün ýaňky baý Hindistana söwda gitmek üçin şaýlanypdyr. Ol öz maşgala agzalaryndan näme sowgat almak isleýändigini bir-birden sorapdyr. Iň soňunda hem öz guşuna: “Ýeri, aýt, seniň näme islegiň bar?” ­– diýipdir. Toty: “Seniň barýan ýurduňda meniň ýaly guşlar kändir. Olar meniň hossarlarym. Olara meniň adymdan salam aýt” diýipdir.

Şunlukda baý ýola düşüpdir. Ol az ýöräp, köp ýöräp, ahyr barmaly menziline ýetipdir. Ýurduň bir çetinden giren badyna çarbagda gaýmalaşyp ýören totulara gözi düşüp, saklanypdyr. Ol öz guşunyň salamyny ýaňkylara ýetiripdir. Şobada bagdaky guşlaryň biri tarpa-taýyn jan berip, ýere gaçypdyr. Tüçjar bu ýagdaýa diýseň gynanypdyr, ol öz ýanyndan “Bu guş meniň guşumyň ýakyn hossary bolmaga çemeli, ondan habar alan badyna gynanjyna jan berdi. Käşgä men bu habary ýetirmedik bolsadym” – diýip gussa batypdyr.

Birnäçe gün soňra hälki söwdagärler ýurduna dolanypdyr. Tüçjar hossarlaryna wada beren sowgatlaryny gowşurypdyr. Iň soňunda hem guşunyň ýanyna gelip, bolan zatlary gürrüň beripdir: “Men o ýerdäki guşlara seniň salamyňy ýetirdim. Ýöne olardan biri – seniň ýakyn hossaryň bolara çemeli – habaryňy eşidip, tarpa-taýyn jan berdi we oturan şahasyndan ýere gaçdy” – diýipdir. Tüçjaryň sözlerine bu toty hem şobada jan berip ýykylypdyr. Ýagdaýa haýran galan baý diýseň gynanypdyr. Ol ýene-de öz ýanyndan “Guşum hossarlaryndan habar alyp, gynanjyna ýykyldy” – diýip oýlanypdyr. Totyny emaý bilen kapasadan çykaran badyna guş pasyrdap uçup gidipdir. Baý şonda guşunyň mekirlige ýüz uranyna düşünip galypdyr we guşundan beýle pikiriň nireden kellesine gelendigini sorapdyr. Toty: “Seniň ýetiren habaryňy eşidip ýykylan guş aslynda jan bermändi, ol maňa ýol görkezdi, edil şonuň ýaly ölen bolup, ýykylsam, meniň hem halas bolup biljekdigimi aýdypdyr” diýip jogap beripdir.

Terjime eden: Şirin NURGELDIÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.