Italiýanyň paýtagty Rimde 30-31-nji oktýabrda ýurduň taryhynda ilkinji gezek G20 ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Maslahata ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Argentinanyň, Braziliýanyň Prezidentleri, Germaniýanyň Kansleri, Ispaniýanyň we Beýik Britaniýanyň hökümet baştutanlary Ikinji jahan urşundan bäri iň agyr çökgünligi  ýeňip geçmek üçin bir ýere jemlendiler. Meksika daşary işler ministri wekilçilik etdi, Russiýanyň Prezidenti, HHR-iň Başlygy we Ýaponiýanyň Premýer-ministri wideo konferensiýa arkaly maslahata gatnaşdy. Maslahata Niderlandlaryň şa zenany Maksima we şazada Uelskiý Çarlz gatnaşdy. Sammitiň gün tertibinde üç esasy ugur – “Adamlar”, “Planeta” we “Abadançylyk” ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sammitiň başynda saglyk ulgamy, transmilli korporasiýalara salgyt salynmagy we daşky gurşawy goralmagy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de ykdysadyýeti dikeldiş we pandemiýanyň netijeleri, sanjym kampaniýasynyň barşy sammitiň esasy mowzuklary boldy. Maslahatyň dowamynda G20 ýurtlarynyň hökümet baştutanlary we ýolbaşçylary salgyt salmagyň umumy düzgünleri barada ylalaşdylar. Rimdäki sammite gatnaşyjylar, hususan-da, global kärhana girdeji salgydynyň azyndan 15 göteriminiň girizilmegini göz öňünde tutýan taslamany makulladylar. Pandemiýa garşy göreş forumyň ýene bir esasy mowzugy boldy. Sammitde dünýäniň yza galan ýurtlaryna has köp sanjym ugratmak barada çagyryş edildi.

-Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň şu ýylyň ahyryna çenli dünýä ilatynyň 40%-ini sanjym etmek baradaky öňde goýan maksadyna ýetmäge golaýlaýar. Indi 2022-nji ýylyň ortalaryna çenli 70%-e ýetmek üçin elimizden gelenini etmeli – diýip, forumy geçirýän ýurduň – Italiýanyň Premýer-ministri Mario Dragi aýtdy.

Hytaý Halk Respublikasynyň we Russiýanyň liderleri Si Szinpin we Wladimir Putin wideo baglanyşygy arkaly dünýä jemgyýetçiligini COVID-19 garşy dürli sanjymlaryň özara ykrar edilmegi barada ylalaşmaga çagyrdylar.

Habar gulluklary howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirleri boýunça gepleşikleriň çynlakaý bolandygyny bellediler. Global ýylylyk barada aýdylanda, toparyň agza ýurtlary global ortaça temperaturanyň ýokarlanmagyny 1,5 dereje çenli çäklendirmek üçin tagallalary güýçlendirmekçi. Mundan başga-da, dünýädäki ýerleriň we ummanlaryň azyndan 30%-ini hapalanmakdan goramak meýilleşdirilýär. G20 liderleri XXI asyryň ortalaryna çenli nol uglerod zyňyndylaryny gazanmagyň möhümdigini ykrar etdiler. Ýöne uglerodyň bitaraplygy baradaky anyk borçnamalar we möhletler barada ylalaşmakda käbir meseleler ýüze çykdy.

G20 ýurtlarynyň ýolbaşçylary energiýanyň nyrhlarynyň düýpgöter ýokarlanmagyna jogap hökmünde durnukly we üznüksiz energiýa üpjünçiligi barada ylalaşdylar. Mundan başga-da, G20 ýurtlarynyň ýolbaşçylary 2030-njy ýyla çenli kömür energiýasyny ulanmazlyk üçin mümkin bolan ähli zady etmekçidiklerini mälim etdiler. Ösüp barýan ýurtlara berilýän kömek barada aýdylanda, toparyň agzalary bu ýurtlara her ýyl 2025-nji ýyla çenli 100 milliard dollar möçberinde maliýe serişdelerini bölüp bermek baradaky borçnamany ýerine ýetirmegiň zerurdygyny öňe sürdüler.

Iki gün dowam eden maslahatda Italiýanyň Premýer-ministri Mario Draginiň we beýleki ýolbaşçylaryň metbugat ýygnagy bilen tamamlandy.