8 – 12-nji noýabr aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriljek «Gorkut ata Bütindünýä türk film festiwalynda» «Nejep oglan» filmi görkeziler. Režissýor Wepa Işangulyýewiň surata düşüren filmi festiwalyň gözden geçirilişiň bäsleşik meýilnamasyna girizildi. Festiwalyň çäginde Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Tatarystandan, Saha Respublikasyndan (Russiýa Federasiýasy), Wengriýadan, Eýrandan, Gagauzdan (Moldowa), Ukrainadan we türk dünýäsiniň beýleki ýurtlaryndan barjak kinematografçylar taryhy we häzirki zaman fantastikasy žanrynda surata düşürilen iň oňat eserlerini, dokumental we multiplikasion filmlerini görkezerler.
Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan döredilen «Nejep oglan» filmi ilkinji gezek 2020-nji ýylda Aşgabatda görkezildi. Film dutar bilen göwün hassalygyny bejerýän gudratly güýje eýe bolan ýaş bagşynyň başdan geçirmeleri hakda gürrüň berýän adybir dessanyň esasynda surata düşürildi. «Nejep oglan» filmi has ýagty we göwrümli görkezýän 4K formatynda innowasion enjamda düşürildi. Taryhy döwri ygtybarly beýan etmek üçin, kino işgärleri Türkmenistanyň taryhy ýerlerinde saparda boldular. Film, esasan, Köneürgençde, Köýtendagda, Lebapda we Daşoguzda tebigy şertlerde surata düşürildi.