Iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin “Oxford” sözlügini taýýarlaýan “Oxford Languages” her ýylyň sözüni kesgitleýär. 2021-nji ýylyň meşhur sözi “vax” diýlip kabul edildi. Ýylyň dowamynda koronawirus sanjymy baradaky habarlar diňe köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde däl, eýsem, jemgyýetçilik torlarynda hem köp agzaldy. Bu habarlarda “vax” sözi köp ulanyldy. Geçen ýyl ozalky ýyldakydan iki esse köp ulanylan bu söz sanjym manysyndaky “vaccine” sözüniň gysgaldylmagy bilen emele gelipdir. Bu söz ilkinji gezek 1980-nji ýyllarda ulanylyp başlanypdy. Bu sözüň şu ýylyň sentýabrynda geçen ýyldaka garanyňda 72 esse köp ulanylandygy anyklandy. “Oxford Languages”-iň redaktory Fýona MkFerson bu sözüň gysga, täsirli we üns çekijidigini aýtdy. Şeýle hem bu söz örän “önjeýli” bolup, täze sözleri emele getiriň bolýar.
Her ýylda ýylyň sözüni saýlaýan “Oxford” mundan ozalky ýyllarda “selfie” we “post-truth” ýaly sözleri saýlanypdy.