Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrligi ýurduň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, beýleki ýurtlar bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýar. Bu barada 31-nji oktýabrda Eýranyň daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdullahian ýurduň Erkin ykdysady zolaklar geňeşiniň başlygy Said Muhammet bilen bolan duşuşygynda mälim etdi.
Duşuşykda Erkin ykdysady zolaklar geňeşiniň başlygy Said Muhammet ýurduň erkin söwda we ykdysady zolaklaryndaky soňky özgerişlere we ösüşlere ünsi çekip, bu zolaklardaky döredilen mümkinçilikleriň, giň hyzmatdaşlygyň we maýa goýumlarynyň üstünde durup geçdi we daşary işler ministrliginiň bu ugurdaky tagallalaryna hoşallyk bildirdi. Ol daşary syýasat edarasynyň erkin ykdysady zolaklaryň işlerine işjeň gatnaşyp, maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmakda we giňeltmekde tagallalaryny gaýgyrmaýandygyny belledi.
Huseýn Amir Abdollahian häzirki hökümetiň daşary syýasatynyň iň möhüm maksatlarynyň biriniň, beýleki ýurtlar, esasan hem, goňşy ýurtlar bilen ykdysady we söwda gatnaşyklaryny giňeltmekdigini belläp, meýilnama laýyklykda, daşary işler ministrliginiň ykdysady pudaklaryny daşary ýurtlardaky wekilhanalarymyzyň üsti bilen beýleki ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklary berkitmäge tagalla edýäris diýip sözüniň üstüni ýetirdi.
Amir Abdollahiyan käbir ýurtlaryň erkin söwda we ykdysady zolaklaryna maýa goýmak isleýändiklerine ünsi çekip, daşary işler ministrliginiň hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we erkin zolaklarda daşary ýurt maýasyny çekmek üçin doly taýýardygyny mälim etdi.