Ýaponiýada parlamentiň aşaky palatasy – Wekiller palatasyna (Sýugiin) geçirilen saýlawlarda ýurduň dolandyryjy Liberal-demokratik partiýasy (LDP) koalisiýa boýunça kiçi hyzmatdaşy Komeito bilen birlikde 465 orundan 293-sine eýe boldy. Saýlawlardan öň dolandyryjy bileleşik 305 orny eýeleýärdi.
31-nji oktýabrda Ýaponiýanyň 47 welaýatynda aşaky palatanyň wekillerini saýlamak maksady bilen 46 müňden gowrak saýlaw uçastogy açyldy. Wekiller palatasynyň saýlawlary Ýaponiýada iň möhüm parlament saýlawlary hasaplanýar, sebäbi aşaky palata möhüm meseleler babatda ýokarky palatadan ileri tutulýar. Wekiller palatasynyň düzüminde ýerine ýetiriji häkimiýetiň işine baha berýän birnäçe komitet bolup, hökümet baştutanynyň saýlanmagynda we döwlet býudjetiniň taslamasynyň kabul edilmeginde möhüm orny eýeleýär.
Bu syýasy çärede dokuz partiýadan 1051 dalaşgär parlamentdäki 465 orun üçin bäsleşdi. Ýaponiýada garyşyk ses bermek ulgamy bar: 289 deputat bir mandatly okrug boýunça saýlanýar, galan 176-sy 11 sebitde partiýanyň proporsional ses bermegi esasynda saýlanýar. Ýurtda hereket edýän kanunlara görä, 233 orny eýelän partiýa mejlisde köplügi gazanýar.
Ýaponiýanyň täze Premýer-ministri Fumio Kisida bu wezipä belleneninden köp wagt geçmänkä saýlaw geçirdi. Ol 4-nji oktýabrda Ýosihide Suganyň ýerine geçdi.
Diňe LDP tarapyndan gazanylan sesler hem köplük üçin ýeterlik boldy – 261 orun, ýöne bu saýlawdan ozalkydan 15 orun az. Komeito 32 orun al. 2015-nji ýylda döredilen “Ýaponiýanyň innowasiýa partiýasy” Wekiller palatasyndaky wekilçiligini 41 orna çenli – üç esse artdyrdy. “Konstitusiýa demokratik partiýasy” aşaky palatada 96 orun alar. Mundan başga-da, Halk Demokratik partiýasy 11 orun, Kommunistik partiýa 10, “Reiwa Şinsengumi” 3 we Sosial-demokratik partiýasy 1 orun bilen Wekiller palatasyna girdiler.