Ýaponiýanyň Merkezi banky duşenbe güni bahasy 500 ýene (4,4 dollar) deň bolan şaýylygy zikgelemäge girizdi. Bu barada bankyň web sahypasynda mälim edilýär.

Şaýy pullaryň dizaýny 21 ýyl ozal dolanyşyga girizilen öňki görnüşi bilen deňeşdirilende, azajyk üýtgedi. Indi ol iki reňkde bolup, gyrasynda nagyşlar göze ilýär. Bu ony galplyklardan goramakda has täsirli boljakdygy bellenilýär.

Maliýe ýylynyň ahyryna çenli (2022-nji ýylyň mart aýynda tamamlanjak) umumy bahasy 5 milliard ýene (43,7 million dollar) barabar 200 million töweregi täze şaýylygyň zikgelenmegi meýilleşdirilýär. Köne şaýylyklar dolanyşykdan çykarylmaz.

Ilkibaşda Ýaponiýanyň Merkezi banky täze şaýylyklary şu ýylyň başynda ýasap çykarmagy meýilleşdirýärdi, ýöne koronawirus pandemiýasy, bankomatlaryň we jemgyýetçilik ulaglary üçin petek satmak üçin niýetlenen enjamlaryň täzelenmeginiň uzaga çekmegi sebäpli, olaryň dolanyşyga goýberilmegi yza süýşürildi.